Последние новости

Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet MAKSATNAMASY

Türkmenistanyň Prezidentiniň
20
21-nji ýylyň ____________________
çykaran ___________ karary bilen

tassyklandy

 

Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet
syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet

MAKSATNAMASY

I bap. Giriş

Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurtda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Ýurtda ata-babalarymyzyň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgelerine we öňdebaryjy halkara ölçeglerine esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga, şeýle hem ýaşlaryň jemgyýetde özlerini doly ykrar etmeklerine gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamy bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hemişe parahatçylygy ündäp gelýän, agzybirlige, bagtyýarlyga çagyrýan hem-de dünýä ýüzünde ynsanperwerligi wagyz edýän merdana halkymyzyň häzirki bagtyýar ýaş nesillerini watansöýüjilige, zähmetsöýerlige, maksada okgunlylyga, belent ahlaklylygy özlerine görelde edinmeklige gönükdirilendir. Okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, abadan durmuşyň hatyrasyna kämillige gadam basmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr.

Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň
2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy (mundan beýläk – Maksatnama) ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärelerini beýan edýän ugur görkeziji resminama bolup durýar.

Ýurduň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşine itergi bermekde hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň wajyp görkezijilerine ýetmekde bu Maksatnama aýratyn orun berilýär. Türkmenistanyň ilatynyň ep-esli bölegini düzýän ýaşlar döwletiň ykdysadyýetiniň kuwwatyny berkitmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim, sport we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynda we oňyn bitaraplyk daşary syýasatynyň amala aşyrylmagynda ýaşlara uly ynam bildirilýär.

Maksatnama Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Raýat kodeksine, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, Türkmenistanyň Maşgala kodeksine, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, «Bedenterbiýe we sport hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de ýaşlar syýasaty çygryndaky hereket edýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, şeýle hem «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Durnukly ösüş ugrunda 2021–2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyna» hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda Türkmenistan ýaşlaryň we ösüp barýan nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilen ýurdudyr. Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklary we kanuny bähbitleri ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda alnyp barylýan işlerde ýaşlara aýratyn bil baglanylýar. Medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda, nebitgaz, oba hojalygy, gurluşyk, senagat, önümçilik, energetika, himiýa, ulag-kommunikasiýa, söwda we dokma, ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamlarynda zähmet çekýän, harby we hukuk goraýjy edaralarda gulluk edýän ýaşlaryň zehinleri, başarnyklary, hünärleri we başlangyçlary, işjeňligi, jemgyýete zerur hünärleri özleşdirmäge bolan ruhy we maddy islegleri höweslendirilýär.

Ýaş nesilleri ýüzýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemek, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, kämil tehnikalardan, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler hökmünde kemala getirmek Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurtda halkymyzyň baý medeni mirasyny saklamak, dikeltmek, öwrenmek we artdyrmak, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, maşgala edebini giňden wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Bu ugurda Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, olaryň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgelerini emele getirmek, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, ýurtda ýaşlaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy we ösdürilmegi babatda uly itergi berdi. Şeýlelikde, ýurtda ýaşlaryň hukuklarynyň we döwlet goldawynyň kanunçylyk binýady tutuldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak baradaky alyp barýan syýasaty ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ylmy açyşlara höweslendirmek, ylmy işgärleri taýýarlamak bilen bagly döredýän mümkinçilikleri ýurduň ylmy-tehniki we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkeziniň we ähli ylym we bilim edaralarynda Ýaş alymlaryň Geňeşleriniň, ylmy gurnaklarynyň, «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň we onuň Internetde elektron sahypasynyň döredilmegi, ylmy-halypaçylyk işleriniň amala aşyrylmagy ylma höwesli ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň giň toplumy bolup, ýaş alymlara berilýän goldawlaryň we bildirilýän ynamyň çäksiz uludygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurtda ylmy-bilimi ösdürmek bilen bagly tabşyryklaryna laýyklykda, ylym bilen bilimiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak, talyplaryň, aspirantlaryň, ýaş alymlaryň we professor-mugallymlaryň toplumlaýyn ylmy barlaglaryny geçirmegi üçin ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda sanly tehnologiýa we innowasiýa merkezlerini döretmek bilen bagly işleri geçirmek häzirki döwrüň wajyp meseleleridir.

II bap. Türkmenistanda ýaşlar baradaky
döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri

Maksatnamanyň amala aşyrylmagynyň baş ýörelgesi döwrüň mümkinçiliklerini we talaplaryny nazara alyp, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda berkidilen esasy ýörelgelerini has-da kämilleşdirmekden we bu syýasatyň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty babatda kanunçylyk namalarynda göz öňünde tutulan ýörelgeleri, ýagny umumadamzat gymmatlyklaryny, ýaşlaryň ömrüni we saglygyny, hukuklaryny we azatlyklaryny ileri tutmak, haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, diline, dini we syýasy garaýyşlaryna garamazdan, ýaşlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini goramak ugrunda ýaş raýatlaryň deňhukuklylygyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Şeýle hem ýurdy ösdürmek boýunça dürli maksatly ýaşlar toparlarynyň bähbitlerini we isleglerini hasaba almak bilen, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny işläp taýýarlamagyň ylmy esaslylygyny we toplumlaýynlygyny gazanmak, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi bilen bagly maksatnamalaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanmagyna we durmuşa geçirilmegine ýaşlaryň gös-göni gatnaşmagyny üpjün etmek hem-de döwletiň raýat jemgyýetiniň institutlarynyň we telekeçiligiň wekilleriniň arkalaşykly hereketiniň üsti bilen döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak Maksatnamanyň amala aşyrylmagynyň esasy ýörelgeleri bolup durýar.

III bap. Türkmenistanda ýaşlar baradaky
döwlet syýasatynyň esasy maksatlary we wezipeleri

Taryhy şahsyýetlerimiziň nusgalyk mekdebine eýerip, ýaşlarda Watana, merdana halkymyza we şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmak, olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylmyň soňky gazanan innowasion sanly tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, ýaşlara Watan diýen beýik düşünjäniň mukaddesdigini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň özeni bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Maksatnamanyň esasy maksatlary:

1) ýaşlaryň konstitusion, durmuş-ykdysady hukuklarynyň we azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň we borçlarynyň ähmiýeti barada düşünjelerini artdyrmakdan;

2) ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmelere hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna içgin gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem olaryň ýaşaýyş durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini döretmekden;

3) hemmetaraplaýyn ösen, halkyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ata-babalarymyzyň ýokary medeniýetlilik we adamkärçilik, belent ahlaklylyk, şeýle hem milli ynsanperwerlilik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän kämil şahsyýeti kemala getirmekden;

4) ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermekden, olaryň şahsyýet hökmünde kämil bolmaklary üçin giň ýol açylmagyny üpjün etmekden;

5) ýaşlaryň tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarmagy üçin, olara döwrebap hünärleri ele almaga, kompýuter we maglumat ulgamyny, sanly innowasion tehnologiýalaryny özleşdirmäge ýardam bermekden ybarat bolup durýar.

Maksatnamanyň esasy wezipeleri:

1) çuňňur bilimli, giň gözýetimli we dünýägaraýyşly, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, jemgyýetçilik durmuş ugurlarynyň ýeten sepgitlerinden habarly we olardan oňat baş çykarýan ýaşlary terbiýelemek;

2) ýaşlary milli gymmatlyklaryň esasynda, şeýle hem gender deňligine hormat goýmak ruhunda terbiýelemek;

3) ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny
üpjün etmek, ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, milli däp-dessurlary wagyz etmek işlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak;

4) ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, millilik, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş, arassa ahlaklylyk barada wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklary geçirmek we ýaşlaryň maşgalalaryna döwlet goldawyny bermek;

5) ýaşlaryň jemgyýetçilik-şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek;

6) ýaşlarda ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek;

7) adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny ýaşlara giňden düşündirmek boýunça işleri alyp barmak;

8) ýaşlara ylmyň we bilimiň dürli ugurlary boýunça internet ulgamynyň elýeterli bolmagyna gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak;

9) ýaşlaryň arasynda sanly tehnologiýa ulgamyndan we innowasion serişdelerden peýdalanmagyň medeniýeti barada düşündiriş işlerini alyp barmak;

10) ýaşlaryň jynsyna garamazdan, işe ýerleşmegi, mynasyp iş tapmagy we telekeçilik işi bilen meşgullanmak üçin talap edilýän ukyplara eýe bolmagyna ýardam bermek, şol sanda hünär bilimi bolan ýaşlaryň sanyny köpeltmek;

11) ýaşlar, şol sanda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli ýaş adamlar üçin ukybyna görä doly we öndürijilikli iş bilen üpjünçiligi hem-de mynasyp zähmeti we deň gymmaty bolan iş üçin deň hak tölenilmegini gazanmak;

12) ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işgärleri taýýarlamak işlerini işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek;

13) zehinli okuwçylary we talyplary ýüze çykarmak, olaryň ylmy-tehniki döredijilik, gözleg-barlag we tejribe-synag işlerine ýardam etmek, olaryň ylym, bilim we ýokary sanly tehnologiýalar ulgamyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak;

14) ýaş alymlaryň gazanan netijelerini wagyz etmek, ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlygyny ösdürmek;

15) daşary ýurtlaryň ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarly edaralary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bolup durýar.

Maksatnamada ýaşlar baradaky döwlet syýasaty çygrynda bellenilen maksatlary we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň syýasy, ykdysady hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, bu ugurda ýaşlaryň maşgalalaryny, ýaş alymlary, kiçi hem-de orta telekeçilik işini alyp barýan ýaşlary goldamak arkaly olara döwrebap ösen sanly ulgam esasynda maglumat tehnologiýalary bilen üpjün edilen oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de türkmen ýaşlarynyň bagtyýar geljegini nazarlaýan giň-gerimli mümkinçilikleri döretmekligi şertlendirer.

IV bap. Türkmenistanda ýaşlar baradaky
döwlet syýasatynyň esasy ugurlary

Maksatnamanyň amala aşyrylmagynda degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri we syýasy partiýalar tarapyndan Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň şu aşakdaky ugurlary boýunça işleri guramak göz öňünde
tutulýar:

1) ýaşlaryň watançylyk we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelenmegi, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, ýaşlar birleşikleriniň goldanylmagy, şeýle hem döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy we ýaşlaryň döredijilik işjeňligini, ýokary hilli döwrebap bilim almagyny, ukyp-başarnyklaryny ösdürmegi üçin şertleri döretmek;

2) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaş adamlaryň jemgyýetiň durmuşyna goşulmagy üçin şertleri döretmek we olaryň hukuklarynyň we durmuş goraglylygynyň kepilliklerini üpjün etmek;

3) ýaş we köp çagaly maşgalalara, zehinli ýaşlara döwlet goldawyny bermek;

4) ýaşlaryň beden we ruhy taýdan ösüşini gazanmak we olaryň boş wagtlaryny medeniýetli geçirmekleri üçin sagdyn durmuş, fiziki işjeňlik, ekologiki abadançylyk, medeni-köpçülikleýin we jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmaklaryna şertleri döretmek;

5) ýaşlaryň döwrebap bilim almak, hünär öwrenmek, ykdysady hukuklaryny berkitmek, olary iş bilen üpjün etmek hem-de kiçi we orta telekeçilik işine ýardam bermek, şeýle hem zähmet çygrynda döwlet kepilliklerini berjaý etmek;

6) ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olarda Watana söýgi, şöhratly geçmişimize, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza hormat goýmak endiklerini ösdürmek boýunça işleri geçirmek.

V bap. Maksatnamany amala aşyrmak

Şu Maksatnamany 2021–2025-nji ýyllar aralygynda meýilnamalaýyn amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu döwürde şu aşakdaky işleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär:

1) ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna zerur üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek;

2) durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän (saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkliler, ýetimler, ata-eneleriniň hossarlygyndan galanlar, döwlet kömegine mätäçler) ýaşlary, ýaşlaryň maşgalalaryny goldamak, şol sanda çaga dogluşynyň ösüşini höweslendirmek, olaryň durmuş-ykdysady meselelerini
çözmekde, hünär taýdan taýýarlygyna, gaýtadan taýýarlygyna we hünäriniň ýokarlandyrylmagynda, şeýle hem  zähmet bazarynda deň şertlerde bäsleşige ukypsyz raýatlary işe ýerleşdirmek üçin iş berijilere bellenen paýa laýyklykda ilkinji gezek iş gözleýän ýetim çagalary işe ýerleşdirmekde ýardam bermek;

3) Türkmenistanyň her bir ýaş raýatyna deň derejede halkara standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli bilim bermek, zehinli we ylmy barlaglar bilen meşgullanýan ýaşlary goldamak we höweslendirmek;

4) ylmy-barlag institutlarynyň düzüminde ýaşlar ylmy gurnaklaryny we geňeşlerini, hem-de döwlet derejesinde milli ýaşlar ylmy-döredijilik merkeziniň işiniň gerimini giňeltmek;

5) ýaşlaryň innowasion tehnologiýalarynyň, sanly elektron serişdeleriniň we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak;

6) ylym, bilim, medeniýet, sungat we sport işgärleriniň, milli senetçilik we el işleri bilen meşgullanýan halypalaryň bilimleriniň, tejribesiniň miras geçijiligini üpjün edýän şertleriň hem-de ýaşlaryň döredijilik ussahanalarynyň, ýöriteleşdirilen mekdepleriň, beýleki edaralaryň döredilmegine ýardam etmek we bu ugurda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak;

7) ýaş raýatlaryň döwletiň jemgyýetçilik-medeni durmuşyna gatnaşmagyny işjeňleşdirmek, medeni gymmatlyklaryň elýeterli bolmagyny üpjün etmekde ýurduň ähli sebitleriniň ýaşlary üçin deň mümkinçilikleri döretmek, medeni-köpçülik çärelerini, oňyn bäsleşikleri yzygiderli geçirmek arkaly medeniýet we sungat babatda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak;

8) ýaşlara maglumat we sanly tehnologiýalary özleşdirmäge, kompýuter we internet ulgamynda täze ylmy taglymatlary, tehnologik tejribeleri öwrenmäge ýardam bermek, sanly tehnologiýa ulgamyndan we innowasion serişdelerden peýdalanmagyň ýokary medeniýetini terbiýelemek;

9) ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösen sanly ulgam esasynda maglumatlar tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze iş orunlaryny döretmek, internet ulgamynyň işleriniň elýeterli bolmagyny gazanmak ugrunda çäreleri geçirmek;

10) ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak, zähmet bazaryna uýgunlaşmagyna ýardam bermek, iş bilen üpjün etmek hem-de mynasyp zähmet şertlerini döretmek we deň gymmaty bolan iş üçin deň hak tölenilmegini gazanmak;

11) telekeçilik işine höwesli ýaşlary telekeçilige ugrukdyrmak, ýaş telekeçilere telekeçilik işiniň ýöredilişini öwretmek, bu ugurda maslahat-okuwlaryny guramak we degişli goldawlary bermek;

12) ýaşlaryň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak, ýaşlarda dogry we kadaly iýmitlenmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalaryny hem-de sagdyn durmuş we fiziki işjeňlik ýörelgelerini has-da berkitmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, bu ugurda maglumat elýeterliligini gowulandyrmak, şeýle hem ýaşlaryň, şol sanda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagaldyş çärelerini geçirmek;

13) ýaşlaryň jemgyýetçilik-şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek;

14) ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek üçin toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamak;

15) jemgyýetçilik durmuşynyň dürli çygyrlarynda ýaşlaryň döredijilik we meýletinçilik başlangyçlaryny goldamak, jemgyýetçilik-maslahat beriş işine gatnaşmaklary üçin şertleri döretmek;

16) daşary ýurtlaryň ygtyýarly döwlet edaralary, halkara guramalary bilen oňyn tejribeleri we maglumatlary alyşmak maksady bilen, ýaşlaryň Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän olimpiýadalara, sport ýaryşlaryna, bäsleşiklere, forumlara, festiwallara, sergilere, maslahatlara we beýleki çärelere gatnaşmagyny gazanmak, şol sanda bu çärelere wideo aragatnaşyk arkaly onlaýn görnüşde gatnaşmak.

Maksatnama abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary esasynda amala aşyrylar.

VI bap. Maksatnamany maliýeleşdirmek

Maksatnama laýyklykda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulan çäreleri bellenen tertipde ylalaşylan Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, beýleki degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň öz serişdeleriniň hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmek göz öňünde tutulýar.

VII bap. Maksatnamanyň amala aşyrylmagyndan
garaşylýan netijeler

Maksatnamanyň amala aşyrylmagy şu aşakdaky netijeleriň gazanylmagyny üpjün eder:

1) ykdysadyýetiň pudaklary üçin zerur bolan hünärmenler taýýarlanylar, täze döwrebap iş orunlary dörediler;

2) ýaşlaryň hünär taýýarlygy we iş bilen üpjünçiligi meýilnamalaşdyrylar, hünär bilim ulgamy kämilleşdiriler, zähmet bazarynda ýaşlary iş bilen üpjün etmek boýunça işjeň çäreler geçiriler hem-de ýaşlaryň zähmet bazaryndaky bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrylar;

3) ýurduň ýokary we orta hünär bilim edaralaryna okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sanyny kesgitlemek maksady bilen, sargytçy ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan etraplar, şäherler we şäherçeler boýunça hünärmenlere bolan zerurlyklar öwreniler;

4) täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegi bilen, ýaşlar hemişelik ýaşaýan ýa-da bolýan ýerlerinde iş bilen üpjün ediler;

5) ýaşlaryň gujurynyň, öňe ymtylyşynyň, täzeçilliginiň netijesinde, sebitler medeni, durmuş we ykdysady taýdan düýpli özgerer, şäherlerde we obalarda ykdysady we durmuş taýdan toplumlaýyn ösüş gazanylar;

6) ýaşlara ylmyň we bilimiň dürli ugurlary boýunça Internet ulgamynyň elýeterli bolmagy üçin şertler dörediler, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidiler;

7) bilim edaralary üçin ylmy-usuly gollanmalaryň, maglumat, görkezme esbap, ylmy-barlag, gözleg, agtaryş serişdeleriniň taýýarlanmagy üpjün ediler;

8) orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini,  şeýle hem daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlary iş bilen doly üpjün etmek babatda degişli işler alnyp barylar;

9) ýaşlaryň maşgalalary goldanylyp, çaga dogluşynyň ösüşini höweslendirmek boýunça iş alnyp barylar;

10) ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze önümçilikler, işiň görnüşleri we orunlary dörediler;

11) ýaşlaryň hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny
we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin okuwlar gurnalyp, zähmet bazarynda bäsleşik ukybynyň ýokarlandyrylmagy gazanylar;

12) höweslendirme çäreleri geçirilip, ýurduň sebitlerinde, uzak aralykda ýerleşýän we barmasy kyn bolan ilatly ýerlerde ýaşlaryň işlemäge bolan islegleri artdyrylar;

13) ýaşlaryň tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, milli mirasy, däp-dessurlary wagyz etmek we düşündirmek üçin toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilip, olarda ekologiýa medeniýetiniň kemala gelmegi gazanylar;

14) ýaşlaryň kitaphanalara işjeň çekilmegi üçin, kitaphanalaryň, şol sanda elektron kitaphanalarynyň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesi ýokarlandyrylar;

15) zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, geçirilýän dürli görnüşli bäsleşikleriň, ýaryşlaryň, sergileriň we gözden geçirilişleriň gerimi giňeldiler;

16) ýaş ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň arasynda döredijilik festiwallary we bäsleşikleri geçirilip, täze zehinler ýüze çykarylar;

17) saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli ýaşlar üçin niýetlenen okuw edaralary degişli tälimçiler bilen üpjün edilip, olar bilen sagaldyş, bedenterbiýe we sport çäreleri guralar, welaýat we ýurt derejesinde geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaklary gazanylar;

18) telekeçilik bilen meşgullanmaga höwesli ýaşlar üçin gysga möhletleýin tölegli okuwlaryň gerimi giňeldiler;

19) ýaş harby gullukçylaryň we işgärleriň Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän olimpiadalara, bäsleşiklere, maslahatlara, sergilere we festiwallara gatnaşmagyna ýardam berler;

21) ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy barlaglary höweslendirilip, olar daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryna, duşuşyklaryna iberiler, onlaýn görnüşinde ýaş alymlaryň arasynda halkara ylmy maslahatlary geçiriler;

22) ylym bilen bilimiň arabaglanyşygyny güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy işjeňlik has-da ösdüriler;

23) ylma höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen, dürli ylmy bäsleşikler, alymlar bilen duşuşyklar, söhbetdeşlikler, aýratyn okuwlar geçiriler, mekdep okuwçylarynyň alymlar bilen duşuşyklary we alymlaryň ýolbaşçylygynda halypa-şägirtlik işi, ylmy edaralaryň «açyk gapylar günleri» geçiriler;

24) Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň ýaş alymlar geňeşleriniň işleri kämilleşdiriler;

25) ýaşlaryň ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň gazananlaryny wagyz etmegi bilen bagly işler amala aşyrylar, «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly ylmy-köpçülikleýin žurnalyň işi kämilleşdiriler;

26) ykdysady taýdan ösen döwletlerde ýaşlary işe ýerleşdirmek babatynda toplanan oňyn tejribeler we nusgalar ýurduň zähmet bazaryna ornaşdyrylar;

Maksatnamanyň esasy maksatlarynyň we wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýaşlaryň zähmeti bilen bagly kanunçylygyň ýerine ýetirilişi, bu babatda alnyp barylýan işler we gözegçilik, hususan-da, umumybilim edaralaryny tamamlaýan ýaşlara hünär öwretmek, olary işe ugrukdyrmak, durmuş ýoluna gönükdirmek hem-de bikärligiň we işsizligiň öňüni almak babatyndaky işler has-da güýçlendiriler.