Soňky habarlar

SAMBO BOYUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY, AŞGABAT - 2022

 Sambo boýunça dünýä çempionaty – Aşgabat-2022

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň öňe sürýän başlangyçlary netijesinde Türkmenistan dünýä derejesinde iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Munuň şeýle bolmagyna ýurtda bedenterbiýe we sporty ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän işler, paýtagtmyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ülňüleriniň ähli talaplaryna jogap berýän ajaýyp sport desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi sebäp boldy. Şu nukdaýnazardan Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin Aşgabadyň saýlanyp alynmagyna hem bu iri ýaryşyň guramaçylarynyň gelen maksadalaýyk netijesi hökmünde garamak mümkin, çünki Aşgabat diňe bir iri döwrebap sport desgalary bilen belli bolman, eýsem-de bolsa ol desgalarda dünýäniň iň iri halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin baý tejribesi bolan şäher hökmünde hem abraýdan peýdalanýar.  Galyberse-de, sportuň bu görnüşi Türkmenistanda iňňän uly meşhurlyga eýedir. Türkmen türgenleriniň sambo boýunça dünýä derejesindäki iri halkara ýaryşlarynda yzygiderli çykyş etmekleri hem-de ýokary netijeleri görkezmekleri munuň şeýledigini ähli aýdyňlygy bilen görkezýär.

2022-nji ýylda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatynyň başlamagyna entek birneme wagt barlygyna garamazdan, bu iri ýaryşy ýokary nusgalyk derejede geçirmek üçin häzirden taýýarlyk görülýär. Şunda ýaryşlaryň guramaçylygy boýunça daşary ýurt tejribelerini öwrenmeklige aýratyn wajyp ähmiýet berilýär.

Sambo boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hatarynda çykyş etmäge dalaşgär türgenlerimiz hem bu jogapkärli ýaryşa taýýarlygyň iň ýokary derejesinde barmak üçin okuw-türgenleşik işlerini ýörite maksatnama laýyklykda alyp barýarlar. 

Durmuşa geçirilýän şeýle maksadalaýyk işler 2022-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Sambo boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede guraljakdygyna, türgenlerimiziň hem bu ýaryşda üstünlikli çykyş edip mähriban Arkadagymyzy we halkymyzy begendirjekdiklerine pugta ynam döredýär.