Soňky habarlar

Biz hakda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul eden Kararyna laýyklykda 2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi döredildi.

Täze pudagyň döredilmeginiň maksady ýurtda sporty, ýaşlar syýasatyny ösdürmekden, giň düşünjeli, tutanýerli, watana wepaly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. 

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasatynyň ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy aşakdaky bölümlerden ybarat:

  1. Ýokary netijeli sport we olimpiýa hereketini utgaşdyryş bölümi 
  2. Sport mekdepleriniň işini we sport çärelerini guramak bölümi 
  3. Ýaşlar syýasaty we köpçülikleýin sport çäreleri bölümi
  4. Ykdysady seljeriş we meýilleşdiriş bölümi 
  5. Halkara gatnaşyklar bölümi 
  6. Maliýe we buhgalter hasabaty bölümi 
  7. Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümi 
  8. Iş dolandyryş we desgalara gözegçilik bölümi 
  9. Işgärler we ýörite işler bölümi