Soňky habarlar

Bedenterbiýe we sport çäreleri geçirilende berjaý edilmeli howpsuzlyk kadalary

                                                                  Türkmenistanyň Sport we ýaşlar

                                                                  syýasaty ministriniň

                                                                  2019-njy ýylyň «15» awgustynda

                                                                  çykaran 467-Ö belgili buýrugy bilen

                                                                  tassyklanyldy

 

Bedenterbiýe we sport çäreleri geçirilende berjaý edilmeli

howpsuzlyk kadalary

 

  1. Şu Bedenterbiýe we sport çäreleri geçirilende berjaý edilmeli howpsuzlyk kadalary (mundan beýläk - Kadalar) “Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 49-njy maddasynyň birinji bölegine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy hem-de bedenterbiýe we sport babatda hünärmenler tarapyndan bedenterbiýe we sport çäreleri geçirilende berjaý edilmeli howpsuzlyk kadalaryny düzgünleşdirýär.
  2. Şu Kadalar  bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çärelerini geçirýän eýeçiligiň görnüşine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ähli  kärhanalara, edaralara we guramalara degişlidir.
  3. Öz ygtyýarlarynda sport desgalary bolan guramalaryň administrasiýalary tehniki howpsuzlyk kadalaryna, sanitariýa kadalaryna we arassaçylyk kadalaryna laýyklykda bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň (mundan beýläk – sport çäreleri) geçirilýän ýerlerini sport öwseleleri we enjamy bilen üpjün edýärler we fiziki şahslaryň saglygyna ýetirilen zyýan üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
  4. Fiziki şahslaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini çylşyrymlaşdyrýan, sport desgalaryny ulanmagyň we ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň talaplarynyň bozulandygy ýüze çykarylan mahalynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary özbaşdak ýa-da içeri işler edaralarynyň başlangyjy boýunça howpsuzlyk şertleriniň ýüze çykarylan bozulmalarynyň düzedilmegine çenli sport çäreleriniň geçirilmegini gadagan edýärler.
  5. Sport çäreleri şu aşakdaky şertleriň berjaý edilmegi bilen geçirilýär:
  1.  sport çäresi geçirilýän sport desgasynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen tertipde kabul edilen bolmagy;
  2.  sport desgasynyň Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan alnyp barylýan Sport desgalarynyň Döwlet sanawyna girizilmegi;
  3.  sport çäresini geçirjek guramanyň sport desgasyny kabul edip alanda sport desgasy ygtyýarynda bolan guramada esaslandyryş resminamalaryň, sanitariýa we gigiýena, ýangyn howpsuzlygy bilen bagly we beýleki degişli tehniki kadalaşdyryjy resminamalaryň bolmagy;
  4.  sport desdasynda geçiriljek sport görnüşi (görnüşleri) boýunça sport ýaryşlaryny geçirmek hakynda onuň guramaçysy tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanan Düzgünnamasynyň bolmagy;
  5. sport desgasynyň geçiriljek sport çäresiniň (ýaryşlaryň) sport görnüşiniň (görnüşleriniň) talaplaryna laýyk gelmegi;
  6. türgenleriň, şeýle hem tomaşaçylaryň jany we saglygy üçin howa şertleriniň howp döretmezligi;
  7.  sport desgasynyň sanitariýa we gigiýena kadalaryna laýyk gelmegi;
  8. sport desgasynda maýyplygy bolan adamlar üçin şertleriň döredilen bolmagy.
  1.  Sport desgasynyň sport çäresini geçirmek üçin taýýar bolanda öz ygtyýarlarynda sport desgasy bolan guramanyň administrasiýasynyň we sport çäresini geçirjek bolýan guramanyň ýolbaşçylary Sport çäresi geçiriljek sport desgasynyň şol çäräniň geçirilmegine taýýardygy hakynda delilnama (mundan beýläk – Delilnama, şu Kadalara goşundy) düzýärler we gol çekýärler. Delilnamada sport çäresi geçirilende howpsuzlygy üpjün etjek adamlar barada, şeýle hem sport çäresiniň geçirilmegi üçin goýberlen adamlar barada, şol sanda saglygy goraýyş işgärler barada görkezilen bolmalydyr.
  2.  Delilnama sport çäresiniň geçirilmegine 4 (dört) sagat öňünden düzülen bolmalydyr.

Öz ygtyýarynda sport desgasy bolan guramanyň ýolbaşçysy Delilnama laýyklykda sport çäresiniň geçirilmegi hakynda degişli çözgüdi kabul edýär.

  1.  Sport çäresini geçirjek guramanyň wekili sport çäresini geçirmek hakynda çözgüdiň göçürmesini alandan soňra, ol şu aşakdakylara borçludyr:
  1.  sport çäresiniň geçiriljek ýerini gözden geçirmek we sport öwseleleriň    hem-de sport enjamlaryň düzüwligini, olaryň tehniki howpsuzlyk kadalaryna laýyklygyny, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sport görnüşine görä kabul edilendigini barlamaga;
  2.  sport çäresi başlamazyndan öň öz ygtyýarynda sport desgasy bolan guramanyň şol sport desgasynda sport çäresi geçirilýän döwründe adamyň janyna we saglygyna howp döretjek we betbagtçylykly hadysalaryna getirjek düzüw däl sport öwseleleriň hem-de sport enjamlaryň düzedilmegini, olaryň tehniki howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmegini talap etmäge;
  3.  sport çäresinde ulanyljak sport öwseleleriň we enjamlaryň hilini şahsy gözden geçirmäge we barlamaga. 
  1.  Eger-de, sport çäresi geçiriljek desgasynda sport çäresinde ulanyljak sport öwseleler we enjamlar ýok ýagdaýynda ýa-da olar tehniki howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda, onda öz ygtyýarynda sport desgasy bolan gurama bu barada sport çäresini geçirjek gurama öz wagtynda, ýagny sport çäresi geçiriljek gününden iň azyndan 7 (ýedi) senenama güni önünden, habar bermäge hem-de agzalan kemçilikleri sport çäresi başlamazyndan öň düzetmek üçin degişli işleri geçirmäge borçludyr.
  2.  Her sport çäresi üçin öz ygtyýarynda sport desgasy bolan gurama goşmaça şu aşakdaky işleri ýerine ýetirmelidir:
  1.  geçirilmegi meýilleşdirilýän sport çäresinde howpsuzlyk talaplarynyň üpjün edilmegi üçin degişli çäreleri amala aşyrmagy;
  2.  sport çäresiniň geçiriljekdigi barada degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasyny we dessin gulluklaryny (raýat goranyşy we halas ediş işleri babatynda ygtyýarly edaralary, tiz kömek gullugy, ýangyn howpsuzlyk gullugy we ş.m.) habarly etmegi;
  3.  sport çäresiniň geçirilýän döwründe türgenlere lukmançylyk taýdan hyzmat edilmegini guramagy.
  1. Öz ygtyýarynda sport desgasy bolan gurama we sport çäresini geçirjek gurama ähli türgenlere hem-de hyzmat edýän işgärlere howpsuzlyk çäreleri barada, şikeslenmegiň öňüniň alynmagy barada we ilkinji lukmançylyk kömeginiň berlişi barada gözükdiriji işlerini geçirmegi amala aşyrmaga borçludyrlar.
  2.  Sport desgasyna elektrik enjamyň oturdylmagy  we ulanylmagy diňe ygtyýarynda sport desgasy bolan guramanyň rugsat bermegi we şu aşakdaky talaplaryň ýerine ýetirilmegi arkaly amala aşyrylýar, ýagny:
  1.  agzalan elektrik enjamyň gurnalyşy we häsiýeti görkezilen tehniki resminamasynyň bar bolmagy;
  2. elektrik enjamynyň birikdirilmegi elektrik ulgamyna laýyklykda amala aşyrylan bolmagy;
  3. elektrik enjamynyň tehniki taýdan birikdirilmeginiň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň döwlet standartlaryna laýyk bolmagy.
  1.  Sport desgasynyň elektrik enjamynyň ulgama birikdirilmegi tehniki şertlere laýyklykda amala aşyrylýar hem-de olaryň ulanylmagy bolsa, şol sport desgasy ygtyýarynda bolan sport guramanyň elektrik hünärmeniniň barlygynda amala aşyrylýar.
  2. Sport çäreleri geçirilýän döwründe şikeslenmäniň, keselleriň ýokuşmagynyň we betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak maksady bilen hökmany sanitariýa kadalary  we sport görnüşi boýunça ýaryşlary geçirmegiň düzgünnamasy  berjaý edilmelidir.
  3.  Şu aşakdakylar gadagan edilýär:
  1.  lukmançylyk barlagyndan geçmediklere, degişli saglygy dikeldiş çärelerini ýerine ýetirmediklere ýa-da sport çäresine degişli saglygy goraýyş resminamasyny getirmediklere bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga rugsat berilmegi;
  2.  hökmany howpsuzlyk çäreleri barada, şikeslenmäniň öňüniň alynmagy barada, ilkinji lukmançylyk kömeginiň berlişi barada gözükdiji işleri geçmediklere bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga rugsat berilmegi;
  3.  howa şertleriniň agyr bolmagynda, saglygy goraýyş işgäriniň we (ýa-da) sanitar ulagynyň bolmazlygynda bedenterbiýe we sport türgenleşikleriniň geçirilmegi;
  4.  sport çäresiniň lukmansyz geçirilmegi;
  5.  düzüw däl enjamlarda, şeýle hem laýyklyk sertifikaty bolmadyk sport enjamlarynda bedenterbiýe we sport boýunça türgenleşikleriň geçirilmegi we ýöriteleşdirilen sport egin-eşikleri bolmadyklaryň bedenterbiýe we sport türgenleşikleriň geçirilmegine goýberilmegi we gönümel jogapkärleriň bolmazlygynda geçirilmegi.
  1.  Bedenterbiýe we sport boýunça türgenleşikleri geçirilýän döwründe türgen kesellän ýa-da şikes alan ýagdaýynda, ol goşmaça lukmançylyk barlagyndan geçirilmäge degişlidir. Agzalan türgenleri lukmançylyk netijenamasy bolmazdan bedenterbiýe we sport türgenleşiklerine goýbermek gadagan edilýär. 
  2.  Bedenterbiýe we sport boýunça türgenleşikleri sport desgasyndan daşary geçirilen ýagdaýynda, lukmançylyk gullugy şu aşakdakylar bilen üpjün edilen bolmalydyr:
  1.  aragatnaşyk ulgamy (telefon, rasiýa) bilen;
  2.  ýöriteleşdirilen ulag bilen;
  3.  şikeslenmede we betbagtçylykly hadysalarda ilkinji lukmançylyk kömeginiň berilmegi üçin zerur bolan serişdeler bilen;
  4. bedenterbiýe we sport boýunça türgenleşik geçirilýän ýerindäki lukmançylyk gullugy bilen hemişelik aragatnaşygy saklamak üçin degişli serişdeler bilen.
  1.  Öz ygtyýarynda sport desgasy bolan guramanyň lukmançylyk gullugy, sport çäresiniň lukmany, sport toparynyň lukmany bedentertibiýe we sport boýunça türgenleşikler geçirilýän döwründe türgenleşik bilen meşgullanýanlaryň janyna we (ýa-da) saglygyna howp dörän ýagdaýynda, türgenleşigi geçirmegi gadagan etmäge hukuklary bardyr.

Lukmanlar tarapyndan agzalan karara gelnen ýagdaýlarynda, bu barada degişli nobatçylyk kitabyna ýazgy edilmelidir.

  1.  Öz ygtyýarynda sport desgasy bolan guramanyň lukmançylyk gullugy, sport çäresiniň lukmany we toparyň lukmany:
  1.  sport desgasynyň sanitariýa ýagdaýyna, iýmitiň saklanylyşyna we kabul edilişine, iýmit önümleriniň saklanylýan ýerlerine gözegçilik edýärler;
  2.  zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edarasynyň wekilini çagyrýarlar.
  1.  Sport çäresiniň lukmany eminleriň toparynyň düzümine girýär. Şol lukmanyň öz ygtyýarlyklarynyň çäginde çykaran karary eminler topary üçin hökmany bolup durýar.
  2.  Bedenterbiýe we sport boýunça türgenleşiklerine, şol sanda sport çärelerine gatnaşdyrylmagyna rugsat sport çäresiniň lukmanynyň geçiren lukmançylyk gözegçiligi esasynda amala aşyrylýar.
  3. Öz ygtyýarynda sport desgasy bolan guramanyň, bedenterbiýe we sport boýunça türgenleşiklerini geçirýän guramanyň hem-de sport çäresini geçirýän guramanyň saglygy goraýyş işgärleri bedenterbiýe we sport boýunça türgenleşikleri geçýän türgenleriň arasynda  bellenilen tertipde saglygy-dikeldiş, olaryň saglygynyň saklanylmagy üçin çäreleri geçirmelidirler, şeýle hem bedenterbiýe we sport türgenleşikleri geçirilýän ýerleriň tehniki kadalaryna laýyk gelmegini gözegçilikde saklamalydyrlar.

23. Bedenterbiýe we sport ulgamyndaky hünärmenler bedenterbiýe we sport boýunça türgenleşikleri geçýän türgenleriň arasynda howpsuzlygy üpjün edýärler we  şikeslenmäniň öňüni almak boýunça degişli çäreleri görýärler.

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanylýan wagtynda türgeniň, tälimçiniň   ýa-da sport emininiň saglygyna ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik Türkmenistanyň kanunçylygynyň we türgen, tälimçi ýa-da sport emini tarapyndan bedenterbiýe we sport guramasy bilen baglanyşylan şertnamanyň şertleriniň esasynda bellenilýär.

Bedenterbiýe we sport boýunça türgenleşikleri geçirilýän wagtynda agzalan hünärmenler şu aşakdakylara borçludyrlar:

1)  bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan türgenleri fiziki maşklary ýerine ýetirenlerinde, olary ýerine ýetirmegiň yzygiderliligi boýunça düzgünleri barada, şol maşklary ýerine ýetirenlerinde howpsuzlyk çärelerini ýerine ýetirilmegi barada, şeýle hem şahsy we garşylyklaýyn ätiýaçlygy üpjün etmegi barada gözükdiriji işlerini geçirmäge;

2)  bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan türgenler babatynda lukmanlaryň çykaran lukmançylyk netijesi bilen tanyşmaga, şeýle türgenleriň ýaşyna görä fiziki agyrlyklarynyň möçberini, fiziki maşklarynyň häsiýetlerini we olaryň ýerine ýetirilişiniň derejelerini kesgitlemäge;

3)  bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan türgenleri fiziki maşklary ýerine ýetirenlerinde olaryň howpsuz usulyny öwretmäge hem-de howpsuzlyk talaplarynyň ýerine ýetirilşine gözegçilik etmäge;

4) meýilnama boýunça bölünen okuw materillarynyň, sapaklaryň konspektleriniň, geçirilen işleri hasaba alyş kitabynyň ýöredilmegine, okuw meýilnamalaryny we sport görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmegiň düzgünnamasyny goldanmaga we olar boýunça howpsuzlyk çärelerini berjaý etmäge;

5)  bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan türgenlere ýörite rugsat bomazdan fiziki maşklaryň ýerine ýetirilmegine goýbermezligine;

6) şikes alanlara ilkinji lukmançylyk kömegini bermäge, şikeslenmäniň bolandygy hakynda ýolbaşça habar bermäge, degişli edaralaryň wekilleri gelýänçä wakanyň bolan ýerini üýtgetmezden saklamaga; 

7) bedenterbiýe we sport boýunça türgenleşikleri gutarandan soňra, şol türgenleşikleriň geçirilen ýerlerini gözden geçirmäge hem-de elektrik enjamlaryny we ýagtylandyrylyşy öçürmäge.

 

 

 

 

                                                               Bedenterbiýe we sport çäreleri geçirilende

                                                               berjaý edilmeli howpsuzlyk kadalaryna

                                                               goşundy

 

Sport çäresi geçiriljek sport desgasynyň şol çäräniň geçirilmegine taýýardygy hakynda delilnama

 

­­­­­­­­(sport desgasynyň ady)

­­20___ýylyň “______” “___________” dan 20_____ ýylyň “______” “_________” çenli______________________________________________________________

(sport çäräniň ady)

geçirilýär.

 

1. Sport desgasy ____________________________________________________

                                                                 (toparyň ady)

______ türgenleri, ________tälimçileri, ________ saglygy goraýyş işgärleri, __________ sport çäresi geçirilende howpsuzlygy üpjün etjek adamlary, _________ beýleki hünärmenleri kabul etmäge taýýar.

2. Sport desgasynyň __________________ sport çäresini geçirmek üçin, onda sport çäresinde ulanyljak sport öwseleleri we enjamlary bar we taýýar ýagdaýda.

3. Hökmany goşmaça _________________________________________________

                                                               (enjamlaşdyrmak we üpjünçilik barada)

enjamlaşdyrmalydyr we/ýa-da üpjün edilmelidir.

4. Ýokarda agzalan sport çäresiniň  geçirilmegini dessin gulluklary (raýat goranyşy we halas ediş işleri babatynda ygtyýarly edaralary, gaýragoýulmasyz tiz kömek gullugy, ýangyn howpsuzlyk gullugy we ş.m.) bilen ylalaşylandygy barada görkezmeli_________________________________________________________

5. Sport çäresine gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, hökmany şu aşakdaky talaplary ýerine ýetirmeli:_________________________________________________

6. Sport çäresine gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, olar bilen gözükdiriji işleriň geçirilendigi barada _________________________________________________

 

Ygtyýarynda sport desgasy bolan                               

guramanyň administrasiýasynyň ýolbaşçysy

 

 “____” ________ 20__ ý.       __________             ______________________

                                                   (goly)                        (familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

Sport çäresini geçirjek bolýan guramanyň ýolbaşçysy

 

“____” ________ 20__ ý.       __________             ______________________

                                                   (goly)                        (familiýasy, ady, atasynyň ady)

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2019-njy ýylyň «10» sentýabrynda

1252 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy

 

“Bedenterbiýe we sport çäreleri geçirilende berjaý edilmeli howpsuzlyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň 2019-njy ýylyň 15-nji awgustynda çykaran 467-Ö belgili buýrugy.