Soňky habarlar

SPORTUŇ OÝUN GÖRNÜŞLERINIŇ BINASY

Sportuň oýun görnüşleriniň binasy 2355 adama niýetlenendir. Bu bina bir gatdan ybarat bolup, ol woleýbol, futzal, basketbol, gandbol, tennis, badminton, pin-pong oýunlary üçin niýetlenen umumy manežden hem-de türgenleşik geçirmek üçin kiçi zaldan ybaratdyr.

Mundan başga-da, bu binada oýunçylar we eminler üçin egin-eşik çalşyrylýan otaglar, sauna, bug, iş, tehniki otaglar we kafeler ýerleşdirilendir.