Soňky habarlar

Yslam Raýdaşlygy oýunlary

Tertibi boýunça 5-nji gezek geçiriljek Yslam Raýdaşlygy oýunlary 2022-nji ýylyň 09-19-njy awgusty aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçiriler.

5-nji Yslam Raýdaşlygy oýunlaryna takmynan 54 döwletden 3 500 töweregi türgeniň gatnaşmagy garaşylýar.

Türgenler sportuň 23 görnüşi boýunça, ýagny ýeňil atletika, ýaý atmak, basketbol 3x3, boççe, futbol,  welosport (trek, şosse), gylyçlaşmak, gimnastika (sport, çeperçilik, aerobik), gandbol, dzýudo, karate, kikboksing, sport atyşyk, suwda ýüzmek, stol tenisi, taekwondo, woleýbol, agyr atletika, sport göreş (erkin we grek-rim) görnüşleri boýunça ýaryşlarda özara bäsleşerler. Şeýle hem, bu oýunlarda sportuň para görnüşlerinden ýeňil atletika, stol tenisi, suwda ýüzmek we ýaý atmak boýunça ýaryşlar gurnalar. Tanyşdyryş sport hökmünde milli ýaýdan ok atmak görnüşinden hem ýaryşlar geçiriler.

Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparlarynyň sportuň ýeňil atletika, ýaý atmak, basketbol 3x3, welosport (trek, şosse), gylyçlaşmak, gimnastika (çeperçilik), dzýudo, karate, kikboksing, suwda ýüzmek, agyr atletika, sport göreş (erkin we grek-rim) we adaty ýaýdan ok atmak görnüşlerinden gatnaşmagy meýilleşdirilýär.