Soňky habarlar

Tomusky Uniwersiada

Tertibi boýunça 31-nji gezek geçiriljek Tomusky Uniwersiada 2022-nji ýylyň 26-njy iýuny – 07-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Çengdu şäherinde geçiriler.

31-nji Tomusky Uniwersiadasyna takmynan 110 döwletden 5 000-6 000 töweregi türgeniň gatnaşmagy garaşylýar.

Türgenler sportuň 18 görnüşi boýunça, ýagny badminton, dzýudo, ýeňil atletika, stol tenisi, suwda ýüzmek, sport atyşyk, ýaý atmak, taekwondo, sport gimnastika, çeperçilik gimnastika, basketbol, suwa bökmek, woleýbol, gylyçlaşmak, tennis, suwda pökgi oýnamak, küreklemek, uşu görnüşleri boýunça ýaryşlarda özara bäsleşerler.

Türkmenistandan sportuň ýaý atmak, suwda ýüzmek, tennis, dzýudo we uşu görnüşlerinden takmynan 15 türgeniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.