Soňky habarlar

Arkadagyň ýoly bilen

2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Bedenterbiýede we sportda Arkadagyň ýoly bilen!” atly şygar astynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahat diýseň çuň many-mazmuna eýe boldy. Oňa Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary P.Agaýew tamamlanan ýylyň sport we ýaşlar syýasaty ugry boýunça uly üstünliklere beslenendigine ünsi çekdi. Ol “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň hem sportuň gülläp ösýän, ýaşlar syýasatynyň dabaralanýan ýylyna öwrüljekdigini buýsanç bilen belledi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň wekili Didar Hydyrow Watanymyzda alnyp barylýan beýik işlerden hem-de möhüm ädimleriň ählisiniň gözbaşynda duran Arkadag Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryndan söhbet açdy.   

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň müdiri Döwlet Hangeldiýew hormatly Prezidentimiziň dünýäde dabaralanýan sport we ýaşlar syýasatynyň mazmunyny düşündirse, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň mugallymy Tawus Akmyradowa maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni şol syýasatyň Watanymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmakdaky ornuna çekdi. “Aşgabat” köpugurly stadionynyň medeniýet bölüminiň müdiri Bäşim Hamedow ajaýyp döwrümiziň her bir wakasynyň taryhyň sahypalaryny mynasyp setirler bilen bezeýändigine ünsi çekdi. “Arkadaga şöhrat, sportda şöhrat” diýen jümleleriň elçarpyşmalar bilen utgaşmasy ildeşlerimiziň Arkadagymyzyň adyna alkyşlarynyň egsilmezdigini görkezdi.

Rahat SAMATOW,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýaşlar syýasaty we köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň başlygynyň orunbasary.