Soňky habarlar

«Altyn asyryň» iki goly

Türkmenistanyň milli futbol çempionatynyň ilkinji tapgyrlarynyň duşuşyklary geçirildi. 3-nji tapgyrdan soň bu möwsümiň has-da çekeleşikli geçjekdigi duýulyp başlady. Sanawyň başyny çekýän «Ahalyň» ýeňiş gazanmagyna («Energetik» 3:1) köp janköýerleriň söýgüsini gazanan Resul Hojaýew bilen Pirmyrat Soltanow öz goşandyny goşdy.

«Şagadamyň» ýeňşi bolsa «Altyn asyryň» şowsuz çykyşynyň dowamy hökmünde hasaba alyndy. «Aragatnaşykçylar» bassyr iki oýundyr iki top tapawudy bilen utulýarlar. Ünsi çekmeli tarapy bolsaб şowsuz oýunlaryň ikisinde-de «Altyn asyryň» oýunçylary öz derwezelerine pökgi girizdiler.

«Köpetdag» bilen «Nebitçiniň» oýnunda hasap açylmadygam bolsa, şol oýun Serdar Annaorazowyň (41-nji minutda) gyzyl petek alanlygy bilen köpleriň ünsini çekdi.

«Aşgabat» bilen «Merwiň» arasyndaky oýunda hem myhmanlar 31-nji minutdan soň bir oýunçy kem bolyp çykyş etmeli boldylar. Şu ýagdaý, elbetde, «Aşgabayň» ilkinji ýeňşini (3:1) baýram etmäge goşant goşdy.

Görşümiz ýaly, gaty bir myhamansöýerlik bilen geçmedik 3-nji tapgyr 4-nji tapgyryň ähmiýetini has-da aşyrdy.

«7/24.tm»