Soňky habarlar

Professional sport hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Professional sport hakynda

140.101.090

010.150.020

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 99-njy madda)

 

Şu Kanun professional sport babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär, şeýle hem professional türgenleriň, professional tälimçileriň, professional sport eminleriň we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleriň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) professional sport  sportuň düzüm bölegi,ýokary sport netijelerini gazanmak we girdeji almak maksady bilen sport ýaryşlaryny guramaga we geçirmäge gönükdirilen, esasy gatnaşyjylary professional türgenler, professional tälimçiler we professional sport eminleri bolup durýan professional sport işi;

2) professional türgen –  işiniň esasy görnüşi professional sport bilen meşgullanmak bolup durýan, professional sport kluby bilen professional sport babatda zähmet şertnamasyny baglaşan (hereket edýän zähmet şertnamasy bolan) we sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek, olara gatnaşmak we görkezen netijeleri üçin bellenilen tertipde hak-heşdek (iş hakyny goşup) alýan fiziki şahs;

3) professional tälimçi – ýörite taýýarlygy geçen we degişli hünär derejesi bolan, ýerine ýetirilmegi sport netijesini gazanmak üçin professional türgenler bilen okuw-türgenleşik dersleriniň geçirilmegini, olara türgenleşikleriň howpsuz we netijeli tärlerini we usullaryny öwretmegi, professional türgeniň sport taýýarlygynyň geljekki, häzirki we hususy meýilnamalaryny işläp taýýarlamaklygy we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi göz öňünde tutýan professional klub bilen professional sport babatda zähmet şertnamasynyň ýa-da raýat-hukuk şertnamasynyň esasynda işlemek hukugyna degişli tassyknamasy bolan, şeýle-de görkezilen işi ýerine ýetirendigi üçin bellenilen tertipde hak-heşdek (iş hakyny goşup) alýan fiziki şahs;   

4) professional sport emini – sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça halkara sport federasiýasy ýa-da degişli milli federasiýa, ýa-da sport ýaryşlarynyň guramaçysy tarapyndan sport ýaryşlaryny geçirmegiň degişli kadalaryny we şertlerini üpjün etmäge ygtyýarly edilen, şeýle hem görkezilen işiň amala aşyrylmagy üçin bellenilen tertipde hak-heşdek alýan, ýörite hünäri bolan fiziki şahs;

5) professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenler – professional türgeni sport ýaryşlaryna taýýarlamak we olara gatnaşdyrmak işine gös-göni çekilen, professional sport kluby bilen professional sport babatda zähmet şertnamasyny baglaşan lukman, massaž ediji, psiholog, şeýle hem beýleki hünärmenler;

6) professional sport kluby – sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýa bilen agzalyk ýa-da şertnamalaýyn gatnaşyklara giren, sport ýaryşlaryna gatnaşýan we bu işden girdeji alýan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen we hereket edýän ýuridik şahs;

7) sportuň görnüşi boýunça professional topar – professional tälimçiniň (tälimçileriň) ýolbaşçylygynda sportuň görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryna taýýarlygy we gatnaşmagy amala aşyrýan, professional türgenleriň toparyndan durýan professional sport klubunyň düzümi;

8) professional liga– ýurduň çäginde sportuň görnüşi (ýa-da görnüşleri) boýunça professional sport klublarynyň arasynda sport çärelerini guramak we geçirmek maksady bilen professional sport klublarynyň birleşmegi;

9) halkara sport federasiýasy – halkara derejesinde sportuň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini dolandyrýan we milli derejede sportuň şu görnüşini (görnüşlerini) dolandyryjy guramalary öz düzüminde birleşdirýän, Halkara olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edilen döwlete dahylsyz bolan halkara gurama;

10) professional sport babatda zähmet şertnamasy  professional sport klubunyň we professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň arasyndaky sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýa tarapyndan hasaba alynýan şertnama, oňa laýyklykda professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen bu şertnamada kesgitlenen zähmet wezipesini hut özi ýerine ýetirmäge borçlanýar, ýokary sport netijelerini gazanmaga we bu şertnamada göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirmäge ymtylýar, professional sport kluby bolsa munuň üçin professional türgene, professional tälimçä ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmene şertnamada kesgitlenen möçberde we tertipde iş hakyny tölemäge hem-de şeýle şertnamada göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirmäge borçlanýar.

 

2-nji madda. Professional sport babatda Türkmenistanyň kanunçylygy we onuň wezipeleri

 

1. Professional sport babatda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şu Kanundan, beýleki kanunlardan we professional sport babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulandaka garanda başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3. Professional sport babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň wezipeleri şulardyr:

1) professional sport bilen meşgullanmak üçin raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek we goramak;

2) Türkmenistanda professional sportuň hereket etmegine we ösmegine   hukuk kepilliklerini döretmek;

3) professional sport babatda fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini kesgitlemek, şeýle hem bu babatda olaryň gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek.

 

3-nji madda. Professional sport babatda işi döwlet tarapyndan goldamak

 

Döwlet şu aşakdakylar arkaly professional sport babatda işi goldaýar:

1) professional türgenleriň, professional tälimçileriň, professional sport eminleriň we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleriň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini berjaý etmek, şeýle hem zähmet işini goldamak;

2) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynda professional türgenleriň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy boýunça  çäreleri maliýe taýdan goldamak;

3) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynda professional türgenleriň çykyşlaryna taýýarlyk görmek boýunça professional sport klublarynyň işini höweslendirmek;

4) professional türgenleriň, professional tälimçileriň, professional sport eminleriň we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleriň halkara derejesinde hukuklaryny we bähbitlerini goramak;

5) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň we professional sport klublarynyň halkara aragatnaşyklaryny goldamak;

6) professional sport babatda hemaýatkärligi we haýyr-sahawatlylygy höweslendirmek.

 

II BAP. PROFESSIONAL SPORTUŇ SUBÝEKTLERI,

OLARYŇ PROFESSIONAL SPORT BABATDA YGTYÝARLYKLARY, ESASY HUKUKLARY WE BORÇLARY

 

4-nji madda. Professional sportuň subýektleri

 

Professional sportuň subýektlerine şular degişlidir:

1) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy;

2) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar;

3) professional sport klublary;

4) sportuň görnüşleri boýunça professional toparlar;

5) professional türgenler;

6) professional tälimçiler;

7) professional sport eminleri;

8) professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenler.

 

5-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlylygy

 

Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy:

1) professional sport babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

2) professional sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;

3)  professional sporty döwlet tarapyndan goldamagyň çärelerini durmuşa geçirýär;

4) professional sport babatda işi guramak üçin ulanylýan professional sportuň sport desgalarynyň gurluşyk kadalary we düzgünleri, sanitariýa kadalary boýunça, şeýle hem sport desgalarynda bolýan şahslaryň janyny we saglygyny goramak boýunça döwlet talaplaryny belleýär;     

5) professional sport babatda işi guramak üçin ulanylýan Türkmenistanyň döwlet eýeçiliginde duran sport desgalarynyň gurluşygyny we üpjünçiligini amala aşyrýar;

6) professional sport üçin sport ätiýaçlygyny taýýarlamak maksady bilen çagalar-ýetginjekler sport mekdeplerini döredýär;

7) saglygy goraýyş babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy bilen bilelikde professional türgenleri, professional tälimçileri, professional sport eminlerini we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleri ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegi bilen üpjün etmek maksady bilen sport lukmançylygy merkeziniň işini guraýar;

8) professional sport babatda işgärleriň taýýarlygyna gatnaşygy bolan bilim edaralarynyň işiniň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligini amala aşyrýar;

9) professional sport babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;

10) professional sport babatda şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary ýerine ýetirýär.

 

6-njy madda. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň esasy hukuklary we borçlary

 

1. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar şu aşakdaky hukuklara eýedirler:

1) öz ygtyýarynyň çäklerinde sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýanyň agzalary bolup durýan professional sportuň subýektleri tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany bolan kadalaşdyryjy hukuk namalary  (dessurlary, düzgünleri, gollanmalary we başgalary) işläp taýýarlamak we kabul etmek, şeýle hem olaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek;

2) professional sport klublaryň arasynda sport ýaryşlaryny (professional liga) guramak we geçirmek, olary geçirmegiň gurluşyny, ýaryşlaryň senenamasyny we beýleki şertleri kesgitlemek;

3) professional türgenleri, professional tälimçileri, professional sport eminleri we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleri sport ýaryşlaryna gatnaşmaga goýbermegi amala aşyrmak;

4) professional sport klublary tarapyndan geçirilýän sport ýaryşlaryna gözegçilik etmek;

5) professional sport babatda zähmet şertnamalaryny bellige almak we hasaba almak;

6) professional türgenlere türgeniň hasaba alnandygy hakyndaky şahadatnamany we bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenen tertipde beýleki resminamalary bermek;

7) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde professional türgenleri, professional tälimçileri, professional sport eminleri we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleri düzgün-nyzam (sport) jogapkärçiligine çekmek;

8) professional sport klublaryndan üç ýylda bir gezek ýeterlik derejede işgärler mümkinçiliginiň we degişli maddy-enjamlaýyn binýadynyň bardygynyň, şeýle hem esaslandyryjylar tarapyndan degişli esaslyk maýalaryna geçirilýän serişdeleriň kanuny gelip çykyş çeşmeleriniň tassyknamasyny soramak;   

9) Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda beýleki hukuklary amala aşyrmak.

2. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) döwletiň içinde hem-de halkara derejesinde professional sportuň subýektleriniň hukuklarynyň we bähbitleriniň goragyny üpjün etmek;

2) sport çäreleri geçirilýän wagtynda bellenilen tertipde tiz saglygy goraýyş kömeginiň nobatçylygyny guramagy üpjün etmek;

3) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen möhletde professional sport babatda zähmet şertnamalarynyň bellige alynmagyny geçirmek;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda professional sportuň weteranlaryna we maýyplaryna maddy we durmuş-üpjünçilik kömegini bermek;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda beýleki borçlary ýerine ýetirmek.

3. Professional sport klublary tarapyndan bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlaryny etmek boýunça işi ygtyýarlylandyrmak ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

7-nji madda. Professional sport klublarynyň esasy hukuklary we borçlary

 

1. Professional sport klublary şu aşakdakylara haklydyr:

1) professional sport klubunda hereket edýän sportuň görnüşleri boýunça professional toparlary döretmäge;

2) professional sport klubuna degişliligini görkezmek bilen sportuň görnüşi boýunça professional topara firma adyny bermäge;

3) sportuň görnüşi boýunça professional toparyň baş tälimçisini bellemäge;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde sportuň görnüşleri boýunça professional toparlary bellige almaga;

5) içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryny we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary işläp taýýarlamaga we kabul etmäge;

6) professional türgenler, professional tälimçiler we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenler bilen şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde professional sport babatda zähmet şertnamalaryny baglaşmaga, üýtgetmäge we ýatyrmaga;

7) ýokary sport netijeleriniň gazanylandygy üçin professional türgenleri, professional tälimçileri, professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleri sylaglamaga;

8) professional türgenlerden, professional tälimçilerden, professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenlerden professional sport babatda baglaşylan zähmet şertnamalarynda bar bolan borçlaryň olar tarapyndan ýerine ýetirilmegini, şeýle hem professional sport klubunyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalarynyň berjaý edilmegini talap etmäge;

9) professional türgenleri, professional tälimçileri we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleri professional sport babatda baglaşylan zähmet şertnamalarynda bar bolan borçlaryň olar tarapyndan bozulandygy üçin düzgün-nyzam we maddy jogapkärçilige çekmäge, şeýle hem professional sport klubunyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilige çekmäge;  

10) sportuň görnüşleri boýunça professional ligalaryna birikmäge;

11) Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

2. Professional sport klublary şulara borçludyrlar:

1)  professional  türgene, professional tälimçä we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmene professional sport babatda baglaşylan zähmet şertnamalaryna we Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň kadalaryna laýyklykda aýlyk iş hakyny öz wagtynda tölemäge we beýleki tölegleri amala aşyrmaga;

2) öz serişdeleriniň hasabyna professional türgenleriň, professional tälimçileriň we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleriň olaryň iş orunlaryny (wezipesini) we görkezilen lukmançylyk barlaglaryny geçýän wagtynda ortaça iş hakyny saklap galmak bilen hökmany deslapky, döwürleýin we nobatdan daşary lukmançylyk gözegçiliginiň (barlaglarynyň) geçirilmegini guramaga;

3) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen möhletde sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýada professional sport babatda zähmet şertnamalarynyň bellige alynmagyny geçirmäge;

4) professional türgeni, professional tälimçini we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeni sport geýimi, esbaby, lukmançylyk hyzmaty we olaryň hususy gorag serişdelerini goşup, professional sport babatda zähmet şertnamasynda göz öňünde tutulan zähmet borçlarynyň olar tarapyndan ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan beýleki serişdeler bilen üpjün etmäge;

5) sport ýaryşlarynyň we okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň geçirilýän ýerini, zähmeti goramagyň we gigiýenanyň talaplaryna jogap berýän göwnejaý tehniki enjamy bilen we professional türgeniň, professional tälimçiniň we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň zähmetiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge;

6) professional türgeni, professional tälimçini we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeni professional sport babatda zähmet şertnamalarynda göz öňünde tutulan zähmet borçlarynyň olar tarapyndan ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly durmuş hajatlary bilen üpjün etmäge;

7) sport ýaryşlaryna taýýarlyk görülýän wagtynda ýa-da gös-göni olara gatnaşýan wagtynda professional türgen şikes alan mahalynda, şeýle hem Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlar bolanda professional türgene ýokary derejede mugt lukmançylyk kömegini guramaga, şeýle hem şeýle betbagtçylykly halatyň derňelmegini we hasaba alynmagyny üpjün etmäge;

8) professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň sport şikesi zerarly dörän zähmete wagtlaýyn ukypsyzlygy döwründe oňa öz serişdesiniň hasabyna möçberi professional sport babatda zähmet şertnamasynda taraplar tarapyndan ylalaşylan iş hakyny tölemäge;

9) sport ýaryşlaryna taýýarlyk döwründe we gös-göni olara gatnaşylýan wagtda doping serişdeleriň we (ýa-da) sportda peýdalanmak gadagan edilen usullaryň peýdalanylmagyny ýok etmek;

10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň ilatynyň arasynda professional sporty wagyz etmek we ýaýratmak boýunça çäreleri geçirmäge;

11) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde professional türgeniň, professional tälimçiniň, professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň döwlet pensiýa we lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyny amala aşyrmaga;

12) öz serişdeleriniň hasabyna ýaşlaryň arasynda sport ätiýaçlygynyň taýýarlanylmagyny, çagalar-ýetginjekler sport mekdepleriniň döredilmegini amala aşyrmak, sportuň degişli görnüşi boýunça tälimçileriň we eminleriň taýýarlanylmagyna gatnaşmak;

13) professional sport klubunyň ugry boýunça, şeýle-de zähmet işiniň beýleki çygryndaky kärler we hünärler boýunça  professional türgenlere hünär bilimini almaga ýardam etmek;

14) sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýada agzalykdan gelip çykýan borçlary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.  

3. Professional sport kluby Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet tarapyndan hasaba alnan pursadyndan ýuridik şahsyň hukuklaryna eýe bolýar.

 

8-nji madda. Professional türgeniň, professional tälimçiniň, professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň, şeýle-de professional sport emininiň esasy hukuklary we borçlary

 

1. Professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen şu aşakdaky hukuklara eýedir:

1) professional sport babatda zähmet şertnamasyny şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde we şertlerde baglaşmak, üýtgetmek we ýatyrmak;

2) professional sport klubundan professional sport babatda baglaşylan zähmet şertnamasynda, şu Kanunda, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bar bolan öz borçlaryny ýerine ýetirmegini talap etmek;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry hukuklary amala aşyrmak.

2. Professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen şu aşakdakylara borçludyr:

1) sport düzgün-nyzamyny berjaý etmäge;

2)  professional sport babatda zähmet şertnamasy bilen öz üstüne ýüklenen  zähmet borçlaryny päk ýürekli ýerine ýetirmäge;

3) sport ýaryşlaryna taýýarlyk döwründe we gös-göni olara gatnaşylýan wagtynda doping serişdeleriň we (ýa-da) sportda peýdalanmak gadagan edilen usullaryň ulanylmazlygyna;

4) professional sport kluby ýa-da sportuň g&o