Soňky habarlar

«Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

140.101.010

«Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň

Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 79-njy madda)

 

I. 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015ý.,  2, 58-nji madda) 38-nji maddasyny şu görnüşde beýan etmeli:

 

«38-nji madda. Sportda doping serişdeleriniň we doping

        usullarynyň ulanylmagynyň öňüni almak

 

Sportda doping serişdeleriniň we doping usullarynyň ulanylmagynyň öňüni almak «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýär.».

 

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň  Prezidenti 

Gurbanguly  Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 3-nji iýuny.

№ 577-V.