Soňky habarlar

Türkmenistanyň toparyny Olimpiýa oýunlaryna ugradyş dabarasy

16.07.2021. Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.
Wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş edýän türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegi arzuw etdi, olaryň dünýä möçberindäki iri bäsleşiklerde ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, Watanymyzyň sport abraýyny halkara derejede belende göterjekdiklerine ynam bildirdi.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik edýän sport toparyna iberen Ýüzlenmesini uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 9 türgen girýär, olar sportuň dört görnüşi — dzýudo, ýeňil atletika we agyr atletika, suwda ýüzmek boýunça bäsleşiklerde çykyş ederler.
XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň dowamynda sportuň 33 görnüşi boýunça medallaryň 339 toplumy ugrunda ýaryşlar geçiriler.

«Sport» myhmanhanasynyň eýwanynda türkmen türgenleriniň gazananlaryna bagyşlanan ýörite sergi guraldy.
Dabara gatnaşyjylar XXXII tomusky Tokio Olimpiýa oýunlarynyň sport meýdançalarynda türkmen türgenlerine rowaçlyklar we üstünlikler arzuw etdiler hem-de hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler.

www.tdh.gov.tm