Soňky habarlar

Düzzüm boýunça welaýat birinjiligi tamamlandy

Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde düzzüm boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda welaýat birinjiligi geçirildi.

Ýaryş «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň, Ahal welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň jogapkärliginde guraldy.

Çekeleşikli ýaryşyň netijesinde Gökdepe etraby I orna, Bäherden etraby II orna, Ak bugdaý etraby III orna mynasyp boldular.

Ýeňijilere «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň Hormat hatlary gowşuryldy.

Toýly SÄHETLIÝEW,

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi boýunça orunbasary.