Soňky habarlar

Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere hünär derejelerini bermegiň tertibini we şertlerini hem-de Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleriň wezipeleriniň hünär talaplaryny tassyklamak hakynda

“Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji maddasynyň ikinji we üçünji böleklerine laýyklykda:

       1. Şulary tassyklamaly (goşulýar):

       1) Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere hünär derejelerini bermegiň tertibini we şertlerini;

       2) Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleriň wezipeleriniň hünär talaplaryny.

2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasarlary gözegçilik etmeli.

Ýüklemek.