Soňky habarlar

Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere hünär derejelerini bermegiň tertibi we şertleri

 Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykaran 133-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanyldy.

 I bap. Umumy düzgünler
1.    Şu Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere hünär derejelerini bermegiň tertibi we şertleri (mundan beýläk - Tertip) “Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere hünär derejelerini bermegiň tertibini we şertlerini kesgitleýär.
2.    Hünär derejelerini bermekligiň esasy maksady bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleriň hünär ussatlygyny, olaryň türgenleri taýýarlamak we terbiýelemek boýunça jogapkärçiligini, işine bolan ukyplylyk derejesini ýokarlandyrmak, şeýle  hem olaryň jemgyýetdäki tutýan ornuny we abraýyny ýokarlandyrmak hem-de çeken  zähmetlerini ahlak we maddy taýdan höweslendirmek bolup durýar.
3.    Şu aşakdaky bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere hünär derejeleri berilýär:
1) tälimçi-mugallymlara;
2) metodistlere, instruktor-metodistlere, instruktor-usulyýetçilere hem-de beýleki bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere.
4.    Tälimçi-mugallymlara, metodistlere, instruktor-metodistlere, instruktor-usulyýetçilere hem-de beýleki bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere hünär derejeleri Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň buýrugy bilen döredilen Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleriň hünär synagyny geçirmek boýunça topar (mundan beýläk - Topar) tarapyndan geçirilýän hünär synagynyň netijeleriniň esasynda berilýär.
5.    Tälimçi-mugallymlara, metodistlere, instruktor-metodistlere, instruktor-usulyýetçilere hem-de beýleki bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere (mundan beýläk - bedenterbiýe we sport babatda hünärmenler) şu aşakdaky hünär derejeler berilýär:
1) ýokary hünär derejesi; 
2) birinji hünär derejesi; 
3)  ikinji hünär derejesi.
6.    Toparyň düzümi täk sandan ybarat bolup, onuň düzümine Toparyň başlygy, Toparyň başlygynyň orunbasary, Toparyň agzalary we onuň kätibi girýär.

II bap. Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere hünär derejelerini bermek boýunça hödürlenilýän resminamalary seljermek

7.    Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleri hünär synagyna hödürlemek üçin  bedenterbiýe we sport guramasynyň hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan degişli tertipde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine (mundan beýläk–Ministrlik) aşakda görkezilen resminamalar hödürlenilýär:
1) tälimçi-mugallymlar babatda: 
a) hödürnama;
b) häsiýetnama (bedenterbiýe we sport guramasynyň hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanan görnüşde);
ç)   şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;
d) hünär bilimi we hünär derejesini ýokarlandyrmak hakynda okuwlary geçendigi hakynda resminamalaryň “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji maddasynda bellenilen tertipde şaýatlyk edilen nusgasy;
e) zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) şu bölegiň 1-nji bendiniň “d” kiçi bendinde görkezilen tertipde şaýatlyk edilen nusgasy;
ä) Tälimçi-mugallymlaryň türgenleri taýýarlandygy hakynda kepilnama (şu Tertibe 1-nji goşundy);
f) ýaryşlaryň teswirnamalarynyň şu bölegiň 1-nji bendiniň “d” kiçi bendinde görkezilen tertipde şaýatlyk edilen nusgasy;
g) öňki berlen hünär derejesiniň şahadatnamasynyň şu bölegiň 1-nji bendiniň “d” kiçi bendinde görkezilen tertipde şaýatlyk edilen nusgasy (şu resminama öň hünär derejesi berilmedik tälimçi-mugallymlara hünär dereje berlende degişli däldir);      
2) metodistler, instruktor-metodistler, instruktor-usulyýetçiler hem-de beýleki bedenterbiýe we sport boýunça hünärmenler babatda:
a) hödürnama;
b) häsiýetnama (bedenterbiýe we sport guramasynyň hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanan görnüşde);
ç) şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;
d) hünär bilimi we hünär derejesini ýokarlandyrmak hakynda okuwlaryny geçendigi babatda resminamalarynyň şu bölegiň 1-nji bendiniň “d” kiçi bendinde görkezilen tertipde şaýatlyk edilen nusgalary;
e) zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) şu bölegiň 1-nji bendiniň “d” kiçi bendinde görkezilen tertipde şaýatlyk edilen nusgasy;
ä) öňki berlen hünär derejesiniň şahadatnamasynyň şu bölegiň 1-nji bendiniň “d” kiçi bendinde görkezilen tertipde şaýatlyk edilen nusgasy (şu resminama öň hünär derejesi berilmedik metodistlere, instruktor-metodistlere, instruktor-usulyýetçilere hem-de beýleki bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere hünär dereje berilende degişli däldir).
8.    Ministrlik tarapyndan bedenterbiýe we sport boýunça hödürlenilen hünärmenleriň resminamalarynyň we maglumatlarynyň dolulygy hem-de dogrulygy şol resminamalaryň hödürlenen gününden başlap, 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda barlanylýar.
Hödürlenilen resminamalar göwnejaý ýagdaýda resmileşdirilmedik ýa-da resminamalaryň doly bolmadyk toplumy berlen, resminamalarda ýalňyşlyklar ýüze çykarylan halatlarynda resminamalar toplumy 3 (üç) iş gününiň dowamynda bedenterbiýe we sport guramasyna hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryna düzetmek üçin yzyna gaýtarylýar.
9.    Resminamalar talabalaýyk hödürlenen ýagdaýynda, Ministrlik tarapyndan şol resminamalar  babatynda barlamak işi tamamlanan güni Topara geçirilýär.

III bap. Hünär synagyny geçirmegiň tertibi

10.    Hünär synagyna goýberilýändigi barada bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere degişlilikde bedenterbiýe we sport guramasynyň hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalarynyň üsti bilen, hünär synagyny geçirmegiň güni, wagty we ýeri barada habar berilýär.
11.    Hünär synagyny geçirmegiň senesi şu sebäpler boýunça başga güne geçirilip bilner:
1) saglygy goraýyş edarasynyň resminamasy bilen tassyklanylan ýarawsyzlyk netijesinde bedenterbiýe we sport babatda hünärmeniň  gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda;
2) bedenterbiýe we sport babatda hünärmen tarapyndan hünär synagyny başga güne geçirilmegini haýyş edip, resmi taýdan habar edilen ýagdaýynda;
3) beýleki esasly sebäpler bilen bagly ýagdaýlarda.
12.    Hünär synagy, synaga goýberilen bedenterbiýe we sport babatda hünärmen bilen dilden we/ýa-da ýazmaça sorag-jogap görnüşinde geçirilýär. 
13.    Toparyň mejlisi, eger oňa agzalarynyň 2/3 böleginiň gatnaşan ýagdaýynda, hünär synagy geçirmeklige we synagyň jemleri boýunça çözgüt kabul etmeklige ygtyýarly hasap edilýär.
Toparyň ähli çykarýan çözgütleri, toparyň  mejlisine gatnaşýan agzalarynyň açyk ses bermeginde, sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Sesler deň bolan ýagdaýynda, Toparyň başlygynyň sesi kesgitleýji bolýar. 
Ses berlen mahaly synagdan geçýäniň iş döwri, iş tejribesi, häsiýetnamasy we hödürnamasy, zehini, şeýle hem eger alan bolsa, ozalky alan hünär derejesi nazara alynýar.
14.    Topar tarapyndan kabul edilen çözgüt barada bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere degişlilikde bedenterbiýe we sport guramasynyň hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalarynyň üsti bilen ýazmaça görnüşinde Toparyň kätibi tarapyndan 2 (iki) iş gününiň dowamynda habar edilýär.
15.    Topar tarapyndan bedenterbiýe we sport babatda hünärmene hünär derejesini bermek ýa-da bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilýär. Toparyň çözgüdi teswirnama görnüşinde resmileşdirilýär. 
16.    Toparyň her bir kabul eden çözgüdine mejlise gatnaşýan Toparyň ähli agzalary tarapyndan gol çekilýär we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri tarapyndan tassyklanylýar.
17.    Toparyň mejlisi şu halatlarda geçirilmeýär:
1) hünär synagyna bedenterbiýe we sport babatda hünärmen gatnaşmasa;
2) bedenterbiýe we sport babatda hünärmen, onuň gatnaşmazlygynyň sebäplerini tassyklaýan resminamany görkezip bilmese;
3) bedenterbiýe we sport babatda hünärmen hünär synagyndan geçmekden ýüz dönderse.
18.    Hünär synagyna esasly sebäpler bolmazdan gatnaşmadyk ýa-da gatnaşmazlygyny tassyklaýan resminamalar berilmedik halatynda, bedenterbiýe we sport babatda hünärmen hünär synagyndan geçmedik diýlip hasaplanylýar hem-de Topar tarapyndan hünär synagyndan geçmändigi barada çözgüt kabul edilýär.

IV bap. Hünär derejelerini bermek

19.    Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere hünär derejelerini bermek Ministrlik tarapyndan tassyklanylýan, Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleriň wezipeleriniň hünär talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
20.    Hünär derejeleri berlende bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere hünär derejelerini bermegiň yzygiderlilik ýörelgesi berjaý edilmelidir, ýagny ikinji hünär derejesi bolmadyk bedenterbiýe we sport babatda hünärmeni birinji hünär derejä, birinji hünär derejesi bolmadyk bedenterbiýe we sport babatda hünärmeni ýokary hünär derejä hödürlenilmeýär. 
21.    Hünär dereje birnäçe tälimçi-mugallymlaryň şol bir türgeni taýýarlandygy üçin berilmeýär, şu aşakdaky sportuň görnüşleri muňa girmeýär:
1) welosiped sporty we sportuň oýnalýan görnüşleri;
2) sport gimnastikasy;
3) çeper gimnastikasy;
4) figuralaýyn typmak;
5) suwa bökmek.
22.    Topar tarapyndan bedenterbiýe we sport babatda hünärmene hünär derejesini bermek hakynda çözgüt kabul edilen ýagdaýynda,  Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri tarapyndan hünär derejesini bermek hakynda buýruk kabul edilýär.
23.    Topar tarapyndan bedenterbiýe we sport babatda hünärmene hünär derejesini bermek hakynda çözgüt kabul edilen ýagdaýynda,  şol çözgüdiň kabul edilen gününden başlap 3 (üç) iş gününiň dowamynda bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere Hünär derejesiniň berlendigi hakynda şahadatnama (mundan beýläk – şahadatnama, şu Tertibe 2-nji goşundy) berilýär. Berlen şahadatnamanyň nusgasy bedenterbiýe we sport boýunça hünärmenleriň şahsy işinde saklanylýar. Berlen şahadatnamalar Hünär derejesiniň berlendigi hakynda şahadatnamalary hasaba alyş kitabynda (şu Tertibe 3-nji goşundy) bellik edilýär.
24.    Şahadatnama Türkmenistanyň bütin çäginde hereket edýär. Şu Tertibiň ýigrimi ikinji bölegine laýyklykda Hünär derejesini bermek hakynda kabul edilen buýruk, onuň gol çekilen gününden güýje girýär.  
25.    Ministrlik Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere berlen hünär derejeleri boýunça wezipe zähmet haklarynyň çyzgytlaryny işläp taýýarlaýar    hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ylalaşyp bellenilen tertipde tassyklaýar.