Soňky habarlar

Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleriň wezipeleriniň hünär talaplary

 Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykaran 133-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanyldy.

1.    Şu Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleriň wezipeleriniň hünär talaplary (mundan beýläk-hünär talaplar) “Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleriň wezipelerine bildirilýän hünär talaplaryny kesgitleýär.
2.    Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenler ýöriteleşdirilen orta hünär we ýokary hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanylýar, olaryň döredilmegi we hereket etmegi bilim hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna, “Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.                                              
3.    Ýokary hünär derejeli tälimçi-mugallymyna bildirilýän hünär talaplary aşakdakylardan ybaratdyr:

1) bedenterbiýe we sport ugry boýunça orta hünär we/ýa-da ýokary hünär biliminiň bolmagy;
2) öz hünäri boýunça 5 (bäş) ýyldan az bolmadyk iş döwründe hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryny geçen bolmagy hem-de birinji hünär derejesi bolmagy;
3) taýýarlan türgeni bilen 4 (dört) ýyl işlän bolmagy, şol sanda aşakda sanalyp geçilýän talaplaryň haýsy hem bolsa biriniň bolmagy:
a) Olimpiýa, Paralimpiýa, Surdlimpiýa oýunlarynda geçirilýän ýeke-täk we toparlaýyn  sport görnüşleri ýa-da onuň oýun görnüşleri boýunça 1-3-nji orny eýelän 2 (iki)  türgeni taýýarlan bolmagy;
b) Aziýa oýunlarynda, Aziýa Paralimpiýa, Surdlimpiýa oýunlarynda geçirilýän ýeke-täk we toparlaýyn sport görnüşleri ýa-da onuň oýun görnüşleri boýunça        1-3-nji orny eýelän 2 (iki)  türgeni taýýarlan bolmagy;
ç) Dünýä, Aziýa çempionatlarynda, Dünýä uniwersiýada-da, ýaşlaryň arasynda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda geçirilýän ýeke-täk ýa-da sportuň oýun görnüşleri boýunça 1-2-nji orny eýelän 2 (iki)  türgeni ýa-da talyplaryň arasynda geçirilýän Dünýä çempionatynda 1-nji orny eýelän 2 (iki)  türgeni taýýarlan bolmagy;
d) maýyplygy bolan adamlaryň sport görnüşleri boýunça geçirilýän Dünýä we Aziýa çempionatlarynda, maýyplygy bolan adamlaryň Bütindünýä oýunlarynda, Aziýa ýetginjekler Paralimpiýa oýunlarynda ýeke-täk ýa-da sportuň oýun görnüşleri boýunça 1-3-nji orny eýelän 2 (iki) türgeni ýa-da ýaşlaryň ýa-da       talyplaryň arasynda-maýyplygy bolan adamlaryň arasynda geçirilýän Dünýä çempionatynda 1-nji orny eýelän 2 (iki)  türgeni taýýarlan bolmagy;
e) Dünýä ýa-da Aziýa çempionatlarynda 1-2-nji orny eýelän 2 (iki)  türgeni taýýarlan bolmagy;
ä) maýyplygy bolan adamlaryň sport görnüşleri boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Dünýä ýa-da Aziýa çempionatlarynda 1-3-nji orny eýelän 2 (iki)  türgeni taýýarlan bolmagy;
f) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň esasy düzümine dört sany türgeni soňky 4 (dört) ýylyň dowamynda taýýarlan bolmagy;
g) tälimçi-mugallym bolup işleýän Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde 10 (on) ýyl sportuň görnüşini alyp barýan hünärmen ýa-da ýolbaşçy wezipesinde işlän bolmagy.

4.    Birinji hünär derejeli tälimçi-mugallymyna bildirilýän hünär talaplary aşakdakylardan ybaratdyr:
1) bedenterbiýe we sport ugry boýunça orta hünär we/ýa-da ýokary hünär biliminiň bolmagy;
2) öz hünäri boýunça 5 (bäş) ýyldan az bolmadyk iş döwrüniň bolmagy hem-de ikinji hünär derejesiniň bolmagy; 
3) taýýarlan türgeni bilen 4 (dört) ýyl işlän bolmagy, şol sanda şu aşakda sanalyp geçilýän talaplaryň haýsy hem bolsa biriniň bolmagy:
a) Olimpiýa, Paralimpiýa, Surdlimpiýa oýunlarynda 4-nji orny eýelän 2 (iki)  türgeni taýýarlan bolmagy;
b)  Aziýa oýunlarynda, Aziýa Paralimpiýa, Surdlimpiýa oýunlarynda 1-2 orny, ýaşlaryň arasynda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda ýeke-täk we toparlaýyn sport görnüşleri ýa-da onuň oýun görnüşleri boýunça 3-nji orny eýelän 2 (iki)  türgeni taýýarlan bolmagy;
ç) Dünýä, Aziýa çempionatlaryna we Bütindünýä Uniwersiýadada 1-3-nji  orny  eýelän 2 (iki) türgeni taýýarlan bolmagy; 
d) maýyplygy bolan adamlaryň sport görnüşleri boýunça geçirilýän Dünýä we Aziýa çempionatlarynda, maýyplygy bolan adamlaryň Bütindünýä oýunlarynda, Aziýa Ýaşlaryň Paralimpiýa oýunlarynda ýeke-täk ýa-da sportuň oýun görnüşlerinde 2-3-nji ornuny eýeleýän 2 (iki)  türgeni taýýarlan bolmagy;
e) ýaşlaryň arasynda maýyplygy bolan adamlaryň sport görnüşleri boýunça geçirilýän Dünýä ýa-da Aziýa çempionatlarynda 2-3-nji ornuny eýelän 2 (iki)  türgeni taýýarlan bolmagy;
ä) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna iki sany türgeni soňky 2 (iki) ýylyň dowamynda taýýarlan bolmagy;
f) tälimçi-mugallym bolup işleýän Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde 8 (sekiz) ýyl sportuň görnüşini alyp barýan hünärmen ýa-da ýolbaşçy wezipesinde işlän bolmagy.      

5.    Ikinji hünär derejeli tälimçi-mugallymyna bildirilýän hünär talaplary aşakdakylardan ybaratdyr: 
1) bedenterbiýe we sport ugry boýunça orta hünär we/ýa-da ýokary hünär biliminiň bolmagy;
2) öz hünäri boýunça 3 (üç) ýyldan az bolmadyk iş döwriniň bolmagy;
3) taýýarlan türgeni bilen 4 (dört) ýyl işlän bolmagy, şol sanda şu aşakda sanalyp geçilýän talaplaryň haýsy hem bolsa biriniň bolmagy:
a) ýaşlaryň arasynda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda ýeke-täk  ýa-da sportuň oýun görnüşleri boýunça 3-nji orny eýelän bir türgeni taýýarlan bolmagy;
b) ýaşlaryň arasynda geçirilýän maýyplygy bolan adamlaryň sport görnüşleri boýunça Dünýä ýa-da Aziýa çempionatlarynda 3-nji orny eýelän bir türgeni taýýarlan bolmagy;
ç) dört türgeni gelejekde kämilleşdirmek maksady bilen, olary Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebine geçiren bolmagy;
d) tälimçi-mugallym bolup işleýän Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde 6 (alty) ýyl sportuň görnüşini alyp barýan hünärmen ýa-da ýolbaşçy wezipesinde işlän bolmagy;
e) tälimçi-mugallym bolup işleýän Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Welaýat we Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginde bedenterbiýe we sport boýunça hünärmen işinde 6 (alty) ýyl işlän bolmagy;
ä) Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyny, mugallymçylyk institutlarynyň bedenterbiýe fakultetini we orta hünärmen mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlan we “Türkmenistanyň sport ussady”, “Halkara klasly sport ussady” diýen ady bolan we 2 (iki) ýyldan köp bolmadyk möhletde işe başlan bolmagy. 

6.    Derejesiz tälimçi-mugallymyna bildirilýän hünär talaplary aşakdakylardan ybaratdyr:
1) bedenterbiýe we sport ugry boýunça orta hünär we/ýa-da ýokary hünär biliminiň bolmagy;
2) öz hünäri boýunça 3 (üç) ýyldan az bolmadyk iş döwriniň bolmagy.       

7.    Ýokary hünär derejeli bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere, metodistlere, instruktor-metodistlere hem-de instruktor-usulyýetçilere bildirilýän  hünär talaplary aşakdakylardan ybaratdyr: 
1) bedenterbiýe we sport ugry boýunça orta hünär we/ýa-da ýokary hünär biliminiň bolmagy;
2) sportuň görnüşi boýunça tälimçi-mugallym wezipesinde 5 (bäş) ýyldan az bolmadyk iş döwrüniň bolmagy;
3)  degişli sportuň görnüşi boýunça işläp taýýarlan Usuly gollanmalary iş tejribesine ornaşdyrylan bolmagy, şol sanda şu aşakda sanalyp geçilýän talaplaryň haýsy hem bolsa biriniň bolmagy:
a) ýokary hünär okuw mekdeplerinde bedenterbiýe we sport boýunça hem-de sportuň görnüşi boýunça tälimçi-mugallym bolup ylmy we mugallymçylyk wezipesinde 5 (bäş) ýyldan az bolmadyk iş döwrüniň bolmagy;
b) birinji hünär derejeli bedenterbiýe we sport boýunça instruktor-metodist wezipesinde 5 (bäş) ýyldan az bolmadyk iş döwrüniň bolmagy.   

8.    Birinji hünär derejeli bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere, metodistlere, instruktor-metodistlere hem-de instruktor-usulyýetçilere bildirilýän hünär talaplary aşakdakylardan ybaratdyr:
1) bedenterbiýe we sport ugry boýunça orta hünär we/ýa-da ýokary hünär biliminiň bolmagy;
2) sportuň görnüşi boýunça tälimçi-mugallym wezipesinde 4 (dört) ýyldan az bolmadyk iş döwrüniň bolmagy, şol sanda şu aşakda sanalyp geçilýän talaplaryň haýsy hem bolsa biriniň bolmagy:
a) ýokary hünär okuw mekdeplerinde bedenterbiýe we sport boýunça we sport türgenleşikleri boýunça ylmy we mugallymçylyk wezipesinde 4 (dört) ýyldan az bolmadyk iş döwrüniň bolmagy;
b) ikinji hünär derejeli bedenterbiýe we sport boýunça hünärmen, metodist, instruktor-metodist hem-de instruktor-usulyýetçi wezipesinde 3 (üç) ýyldan az bolmadyk iş döwrüniň bolmagy; 
ç) Ýokary sport ussatlyk mekdebinde, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde we “Olimp” sport mekdebinde ýolbaşçy we mugallym wezipelerinde işlän 6 (alty) ýyldan az bolmadyk iş döwrüniň bolmagy;
d) Welaýat we Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliklerinde hem-de şäher we etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümlerinde bedenterbiýe we   sport  boýunça guramaçylyk - usulyýet we ýolbaşçy işlerinde  6 (alty) ýyldan az bolmadyk iş döwrüniň bolmagy.

9.    Ikinji hünär derejeli bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere, metodistlere, instruktor-metodistlere hem-de instruktor-usulyýetçilere bildirilýän hünär talaplary aşakdakylardan ybaratdyr:
1) bedenterbiýe we sport ugry boýunça orta hünär we/ýa-da ýokary hünär biliminiň bolmagy;
2) sportuň görnüşi boýunça tälimçi-mugallym wezipesinde 3 (üç) ýyldan az bolmadyk iş döwrüniň bolmagy, şol sanda şu aşakda sanalyp geçilýän talaplaryň haýsy hem bolsa biriniň bolmagy:
a) ýokary hünär okuw mekdeplerinde bedenterbiýe we sport boýunça we sport türgenleşikleri boýunça ylmy we mugallymçylyk wezipesinde 3 (üç) ýyldan az bolmadyk iş döwrüniň bolmagy;
b) derejesiz bedenterbiýe we sport babatda hünärmen, metodist,          instruktor-metodist hem-de instruktor-usulyýetçi wezipesinde 5 (bäş) ýyl işlän bolmagy. 

10.    Derejesiz bedenterbiýe we sport babatda hünärmene, metodiste, instruktor-metodiste hem-de instruktor-usulyýetçä bildirilýän hünär talaplary aşakdakylardan ybaratdyr:
1) bedenterbiýe we sport ugry boýunça orta hünär we/ýa-da ýokary hünär biliminiň bolmagy;
2) sportuň görnüşi boýunça tälimçi-mugallym wezipesinde 3 (üç) ýyldan az bolmadyk iş döwrüniň bolmagy.

11.    Şu hünär talaplarynyň üçünji-onunjy böleklerinde görkezilen bedenterbiýe we sport babatda hünärmenler Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Bilim hakynda”, “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda”, “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryny, Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny, beýleki bedenterbiýe we sport çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, şeýle hem okuw-türgenleşik işlerinde ýerine ýetirmeli howpsuzlyk kadalaryny, sport boýunça okuw-türgenleşik işlerini guramaklygyň ulgamyny, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyny, daşky gurşawy goramak, ýangyn howpsuzlyk we sanitariýa-gigiýena kadalaryny bilmelidirler.