Soňky habarlar

Dewisiň kubogy

Aşgabat şäheri Dewisiň kubogyny kabul etmäge taýýarlanýar

Ata Watanymyz bu günki gün sportuň durnukly ösdürilýän ýurtlarynyň biri hökmünde bütin dünýäniň üns merkezinde durýar. Soňky birnäçe ýylda geçirilen ýaryşlaryň özem Türkmenistanyň sportuň dürli görnüşleriniň, şol sanda Olimpiýa görnüşleriniň durnukly ösdürilýän ýurtlarynyň biri hökmünde dünýä ýüzündäki abraýyny artdyrdy.

2020-nji ýylyň Tokioda guraljak tomusky Olimpiýa oýunlary bilen ýatda galjakdygy üçin türkmen paýtagtynda sportuň Olimpiýa görnüşleriniň biri bolan tennis boýunça geçiriljek halkara ýaryşy hemmelerde uly gyzyklanma döredýär.
Bu ýaryşy ýokary derejede geçirmek üçin hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara tennis federasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 8-15-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda tennis boýunça Dewisiň kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyryny geçirmäge ygtyýar berildi.
Dewisiň kubogynyň Aziýa we Okeaniýa sebitleri boýunça saýlama ýaryşyny kabul etmäge taýýarlyk görýän türkmen paýtagtynyň ajaýyp desgalarynyň biri hem Olimpiýa şäherçesidir. Ol diňe bir sebitimizde däl, eýsem tutuş yklymda-da iň bir döwrebap sport desgalarynyň biri hasaplanýar.

Ozalky geçirilen ýaryşlaryň tejribesi «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda türkmen paýtagtynyň kabul etjek iri ýaryşlarynyň hatarynda Dewisiň kubogynyň hem ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün ediljekdigini buýsanç bilen nygtamaga eas berýär. Munuň üçin ähli tutumly işlerimiziň başynda duran Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyzyň çägi ýokdur!

www.msy.gov.tm