Soňky habarlar

Milli elektron sport federasiýasy

Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy
862-42-29-74,
Aşgabat şäheriniň G.Bäşiýewa köçesiniň 93-nji jaýy, Parahat 1, 127
support@tmesf.org

Sportuň dünýäde iň çalt ýaýran görnüşi, ýagny elektron sporty kompýuter we goşmaça oýun enjamlary ýaly elektron ulgamy arkaly geçirilýän ýaryşdyr. Sportuň bu görnüşi oýunçynyň görüş we gymyldy-hereket/motorika endiklerini we şol bir wagtyň özünde oýunda ýeňmäge ugrukdyrylan ýörelgäni talap edýär.

Elektron sporty kompýuterleriň öýlere giňden ýaýramagyndan öň, 1972-nji ýylda döreýär. 1980-nji ýyllarda wideo oýunlaryň oýunçylary we olaryň arasynda ýaryşlar meşhur bolýar we telewideniýede ýaýlyma goýberilýär. Internet ulgamyň we biraz wagtdan soňra onlaýn görnüşde hödürlenýän hyzmatlaryň girizilmegi we millionlarça tomaşaçylaryň tomaşa etmegi bilen tutuş dünýä boýunça ýaryşlaryň geçirilmegi bilen elektron sporty has giň meşhurlyga eýe bolýar. Aşgabat 2017 oýunlary we 2022-nji ýylyň Aziýa oýunlary ýaly çäreleriň maksatnamasyna girizilmegi sportuň bu görnüşiniň has giň ýaýramagyna getirýär.

No results found.