Soňky habarlar

Kik-boksing federasiýasy

Türkmenistanyň Kik-boksing federasiýasy
27-56-66
Aşgabat şäheriniň O.Kuliýew köçesiniň 8/3-nji jaýy

Kikboksing başa-baş söweş sungatyna degişli sport görnüşi bolup, onda türgenler ýörite elliklerini geýip, boksdaky ýaly ýumrukmak we karatedäki ýaly açyk aýaklary bilen depmek usullaryny ulanýarlar. Ýapon karateçisi karate bilen taýboksy garyşdyryp, kikboksing sport görnüşini döretdi. Kikboksing ýaryşy ringde we tataminiň üstünde geçirilýär.

1950-nji ýyllarda ýaponiýaly karateçi Tatsuo Ýamada ilkinji gezek karateni we taýboksy utgaşdyrdy we täze sport görnüşini döretdi. 1960-njy ýyllaryň ortasynda Osaka şäherinde ilkinji gezek resmi ýagdaýda kikboksing boýunça ýaryşlar geçirildi. Soňra sportuň şu görnüşi Ýaponiýanyň daşyna ýaýrap başlady we Demirgazyk Amerika, Ýewropa we ş.m. ýetdi.

Kikboksing boýunça guramalaryň bütindünýä assosiasiýasy (WAKO) 1976 ýylda Ýewropada esaslandyryldy. WAKO kikboksing sportynyň düzgünlerini we kadalaryny kesgitledi.

No results found.