Soňky habarlar

Angliýada goragçy öz ýarym meýdançasyndan kellesi bilen urup topy derwezä geçirdi

Siz futbolda görülmedik zat ýok diýýän bolsaňyz, onda ýalňyşýarsyňyz. Angliýanyň ýedinji diwizionynda «Basford Ýunaýted» bilen «Ýunaýted of Mançester» duşuşdylar. Garşydaşlar 1:1 hasabynda deň oýnaýarkalar haýran galaýmaly waka bolup geçdi. Mançesteriň toparynyň goragçysy topy ýokardan garşydaşlarynyň ýarym meýdançasyna geçirdi, ol ýerde bolsa «Basford Ýunaýtediň» goragçysy Stefan Galinski topy kellesi bilen süsdi.

Urgy örän güýçli bolup mançesterli futbolçylaryň jerime meýdançasyna çenli bardy. Soňra bolsa «Ýunaýted of Mançester» toparynyň derwezebany özüni görkezdi. Ol topuň ýere degip, näçeräk ýokary galjagyny nazara alyp bilmedi. Netijede top onuň üstünden aşyp, derwezä girdi. Derwezeçä bolsa çök düşüp oturyşyna bu taryhy pursady synlamakdan başga alaç galmady.

Gülkünç ýagdaýda geçen bu täsin gol «Basford Ýunaýted» üçin ýeňiş getiren gol boldy. Olar soňra ýene bir topy derwezä geçirdiler hem-de duşuşygy 3:1 hasabynda ýeňiş bilen tamamladylar.

«Kähalatda kelläň bilen mazaly süsmek gerek. Olaryň derwezeçisi gaty öňe çykdy, şonuň üçinem men dogrusy şeýle hem etmelidim. Onsoňam bu meniň şu möwsümde iň uzaga hereket edişimdi» diýip, pökgini derwezä geçiren futbolçy aýtdy.

•«Ýunaýted of Mançester» ýedinji iňlis diwizionynda çykyş edýär. Kluby 2005-nji ýylda «Mançester Ýunaýtediň» janköýerleri esaslandyrdylar. Olar topary amerikaly Malkolm Gleýzeriň satyn almagyndan nägilediler. Häzir «Ýunaýted of Mançester» 22 toparyň arasynda 10-njy orny eýeleýär, «Basford Ýunaýted» bolsa häzirlikçe 2-nji orunda.

• Stefan Galinski ― 25 ýaşly iňlis-polýak goragçysy. Ol özüniň ähli futbol durmuşyny iň pes diwizionda oýnap geçirdi. Megerem bu gol geçen pursady onuň futbol durmuşynda iň belende göterilen pursady bolsa gerek.

• Şowsuzlyga uçran derwezeçä Kemeron Belford diýýärler. Ol 31 ýaşynda. Ol hem futbol durmuşyny pes diwizionda geçirdi, ýöne Galinskiniň oýnan toparlaryndan güýçliräk toparlarda çykyş etdi.Kemeron Belford ilki çempionşipde çykyş edýän «Kowentri sitide», soňra esli wagtlap üçünji diwizionda çykyş edýän «Baride» oýnady.

• Ýeri gelende aýtsak Belford mundan üç ýyl ozal hem janköýerleri geň galdyrypdy. Şonda ol topy ýoldaşyna geçirende ýykyldy, ýöne ýerinden turmaga howlukmady, nämüçindir ýatan ýerinden ellerini ýere diräp göwresini ýokary galdyrmak bilen maşk edip ugrady.

 

Internet neşirleriniň maglumatlary boýunça taýýarlanyldy