Soňky habarlar

Biz hakda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul eden Kararyna laýyklykda 2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi döredildi.

Täze pudagyň döredilmeginiň maksady ýurtda sporty, ýaşlar syýasatyny ösdürmekden, giň düşünjeli, tutanýerli, watana wepaly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi öňki Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň binasynda ýerleşýär. 

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasatynyň ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy aşakdaky bölümlerden ybarat:

1. Ýolbaşçylar
2. Ýokary netijeli sport we olimpiýa hereketini utgaşdyryş bölümi
3. Sport mekdepleriniň işini we sport çärelerini guramak bölümi
4. Ýaşlar syýasaty we köpçülikleýin sport çäreleri bölümi
5. Ykdysady seljeriş we meýilleşdiriş bölümi
6. Halkara gatnaşyklary bölümi
7. Maliýe we buhgalter hasabaty bölümi
8. Sport desgalaryny dolandyryş we gurluşyk bölümi
9. Iş dolandyryş bölümi
10.Işgärler we ýörite işler bölümi