Soňky habarlar

Tokio 2020

«Olimpiýa oýunlary ― 2020» ady bilen geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlary 2020-nji ýylyň 24-nji iýuly ― 9-njy awgusty aralygynda geçiriler. Bu oýunlary geçirmek hukugy Ýaponiýanyň Tokio şäherine 2013-nji ýylyň 7-nji sentýbarynda berildi. Tokioda 1964-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlary hem geçirilipdi.

Ýaponiýanyň Milli Olimpiýa komiteti 2011-nji ýylyň 16-njy iýunynda Tokiony Olimpiýa oýunlary ― 2020-niň dalaşgäri hökmünde hödürledi. Munuň üçin şäherde gurlan, 77 müň tomaşaça niýetlenen Olimpiýa stadionynyň ulanyljakdygy bellenildi. 2012-nji ýylyň 23-nji maýynda Ýaponiýanyň bu teklibi Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan bellige alyndy.

Şeýle hem 2011-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkiýäniň Stambul, 1-nji iýunynda Ispaniýanyň Madrid, 23-nji maýda Kataryň Doha, 19-njy maýda bolsa Italiýanyň Rim şäherleri dalaşgärleriň hataryna goşuldy.

Soňra dalaşgär şäherleriň sany 3-e düşürildi we diňe Tokio, Stambul we Madrid galdy. Argentinanyň paýtagty Buenos Airesde geçirilen ses berlişikde bolsa Tokio Olimpiýa oýunlary ― 2020-ni geçirmek hukugyny gazandy.

Ýaponiýanyň hökümeti Tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin 3 milliard dollar möçberindäki serişdäni aýyrdy. Bu serişdä Tokiodaky halkara howa menzilleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak, täze demir ýol ulgamyny çekmek, awtomobil ýollaryny, myhmanlary täzelemek ýa-da giňeltmek ýaly işler alnyp barylýar.

Oýunlaryň resmi nyşany 2015-nji ýylyň 24-nji iýulynda tassyklandy. Nyşanda Tokionyň «T» şekili gözbaş hökmünde hyzmat edýär.

«The Coca-Cola Company», «Atos», «Bridgestone», «Dow Chemical», «Electronic Arts», «Ceneral Electric», «McDonald’s», «Panasonic», «Procter & Gamble», «Samsung Electronics», «Toyota», «Visa» ýaly kompaniýalar Tokio ― 2020-niň resmi hemaýatkärleridir.

Tokio Olimpiadasyna dünýäniň 205 döwletinden 2500 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýaryşlar sportuň 31 görnüşi boýunça geçiriler