Soňky habarlar

Pekin 2022

2022-nji ýyldaky Gyşky Olimpiýa oýunlary Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde geçiriler. Halkara Olimpiýa komiteti 2013-nji ýylyň 15-nji noýabrynda dalaşgär şäherleriň sanawyny berdi. Bu sanaw 2014-nji ýylyň 7-nji iýulynda gutarnykly düzüldi. 2015-nji ýylyň 31-nji iýulynda bolsa Oýunlary geçirjek şäher yglan edildi.

Ýeri gelende aýtsak, 2022-nji ýyldaky Gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge Gazagystanyň Almaty şäheri hem dalaşgär boldy. Gazagystanyň ozalky paýtagtyna 2017-nji ýyldaky Gyşky Uniwersiadany geçirmek ynanyldy.

Norwegiýanyň Oslo şäheri 2013-nji ýylda bu Oýunlar üçin dalaşgärleriň hataryna goşulan hem bolsa, ýörite toparyň bu dalaşgärligi ykrar etmändigi üçin şäher yza çekilmeli boldy. Oýunlary geçirmäge 5 gezek dalaşgär bolan Norwegiýa taryhynda iki gezek Gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirdi.

Pekin şäheri mundan ozal 2008-nji ýyldaky Tomusky Olimpiýa oýunlaryny hem geçiripdi.