Soňky habarlar

LA 2028

Halkara Olimpiýa komiteti 2028-nji ýyldaky Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los Anželes şäherinde geçiriljekdigini resmi ýagdaýda yglan etdi.

Aslynda, Los Anželesiň bu hukugy öz gözbaşyny Olimpiýa oýunlary ― 2024-den alyp gaýdýar. Çünki 2024-nji ýyldaky Oýunlar üçin beýleki şäherleriň dalaşgärlikden çekilmegi bilen, diňe Pariž hem-de Los Anželes galdy. HOK bolsa bu iki şähere özara ylalaşmagy teklip etdi. Şeýlelikde, Pariž 2024-nji, Los Anželes bolsa 2028-nji ýyldaky Tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmeli edildi. Munuň üçin HOK şähere taýýarlyk üçin 1,8 milliard dollar möçberindäki serişdäni hem goýberer.

Los Anželesde mundan ozal 1932-nji we 1984-nji ýyllardaky Olimpiýa oýunlary hem geçirilipdi.

Olimpiada ― 2028-i şol ýylyň 21-nji iýulynda başlap, 6-njy awgustynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Ýaryşlaryň aglaba bölegi şäherdäki Memorial kolizeý stadionynda geçiriler. Ýene dört ýyldan gurlanyna bir asyr bolýan bu stadion 93 müňden gowrak tomaşaça niýetlenendir.  Los Anželesdäki mundan ozalky iki Olimpiýa oýunlarynyň ýaryşlary hem hut şu stadionda geçirilipdi.