Bu web-saýt tamamlaýjy tapgyrda işlenilip taýýarlanylýar
Soňky habarlar

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy CAFA-nyň çempionatyna gatnaşar

Ýaşlar ýygyyndylarynyň gatnaşmagyndaky Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionaty 2019-njy ýylyň 9-njy awgustyndan 15-nji awgustyna çenli aralykda Täjigistanda geçiriler.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziz Kambarowyň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň çempionatynyň saýlama ýaryşyna taýýarlygyyň çäginde bu ýaryşa gatnaşar. 

CAFA-nyň çempionaty Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň hem-de Owganystanyň ýaşlar ýygyndylarynyň (U19) gatnaşmagynda geçiriler. Çempionatyň duşuşyklary Duşenbe şäheriniň merkezi stadionynda guralar.

Çempionatyň dowamynda 10 duşuşyk geçiriler. Ýeňiji bir aýlawly ýaryşda kesgitleniler. 

2020-nji ýylda ýaşlaryň arasynda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň Malaýziýanyň paýtagtynda geçirilen bije çekişlik dabarasynda Türkmenistanyň  «B» topara düşendigini ýatladýarys. Ol ýerde  Kataryň, Ýemeniň hem-de Şri-Lankanyň ýygyndylary türkmen futbolçylarynyň bäsdeşleri bolarlar.

Duşuşyklar 2019-njy ýylyň 4-nji noýabryndan 10-njy noýabry aralygynda Dohada geçiriler.

 

ÝAŞLAR ÝYGYNDYLARYŇ (U19) GATNAŞMAGYNDAKY CAFA-NYŇ ÇEMPIONATYNYŇ GEÇIŞ TERTIBI:

1-nji tapgyr

9-njy awgust (anna)

17:00 – Owganystan – TÜRKMENISTAN

20:00 – Özbegistan – Eýran

2-nji tapgyr

10-njy awgust (şenbe)

17:00 – Owganystan – Özbegistan

20:00 – TÜRKMENISTAN – Täjigistan 

3-nji tapgyr

12-nji awgust (duşenbe)

17:00 – Eýran – TÜRKMENISTAN

20:00 – Täjigistan – Owganystan

4-nji tapgyr

13-nji awgust (sişenbe)

17:00 – Eýran – Owganystan

20:00 – Özbegistan – Täjigistan 

5-nji tapgyr

15-nji awgust (penşenbe)

17:00 – TÜRKMENISTAN – Özbegistan

20:00 – Täjigistan – Eýran

 

 Çeşme: Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýty (www.tff.com.tm)