Bu web-saýt tamamlaýjy tapgyrda işlenilip taýýarlanylýar
Soňky habarlar

2020-nji ýylyň Olimpiýa alawynyň estafeta başlangyjy Fukusimada başlap, Fudzi dagynyň üsti bilen geçer

Tokio Olimpiadasynyň Guramaçylyk komiteti 2020-nji ýylda geçjek Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýoluny görkezdi.

Estafeta 2020-nji ýylyň 26-njy martynda Fukusimada başlap, alaw Ýaponiýanyň ähli ýurtlaryndan geçer. Ýol ýurduň ajaýyp ýerleri bolan Fudzi dagynda we Isukusima ybadathanasynda hem düşlär.

Estafeta 24-nji iýulda Tokionyň milli stadionynda tamamlanar. Olimpiýa alawy Ýaponiýada jemi 121 gün ýol geçer.

Mundan başga-da, Olimpiýa oýunlarynyň resmi saýtynda alaw göterijileriň geýjek eşiklerini hem görkezdiler.

XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary 2020-nji ýylyň 24-nji iýuldan 9-njy awgusty aralygynda geçiriler.

www.tokyo2020.org