Bu web-saýt tamamlaýjy tapgyrda işlenilip taýýarlanylýar
Soňky habarlar

Gökdere kubogyny almak ugrundaky ýaryş

Gökderede ýerleşýän «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Berkarar döwletiň sagdyn nesilleri biz!» diýen şygar astynda Gökdere kubogyny almak ugrunda merkezara sport ýaryşy geçirildi.

2004-2010-njy ýyllarda doglan çagalaryň arasynda woleýbol, basketbol, kiçi futbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, suwda ýüzmek, küşt, şaşka, düzzüm, tanap çekmek, ýeňil atletika boýunça bäsleşikler geçirildi.

Ýaryşyň jemi jemlenende  «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň 1-nji orny eýeländigi belli edildi. M.Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi 2-nji orna mynasyp boldy. «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar 3-nji orna düşdüler.

Ýaryşa Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport-sagaldyş lageri, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi jogapkär bolup, ýeňijilere hormat haty we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

www.msy.gov.tm