Bu web-saýt tamamlaýjy tapgyrda işlenilip taýýarlanylýar
Soňky habarlar

 Türkmen türgenleri GDA ýurtlarynyň arasynda ilkinji gezek geçiriljek oýunlara gatnaşarlar

2020-nji ýylda Kazanda taryhda ilkinji gezek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň (GDA) türgenleriniň  arasynda ýaryş geçirler.

Ýaryş 2020-nji ýylyň 20-27-nji awgustynda guralar. Bu ýaryşa Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Belorussiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Täjigistan, Özbegistan we Ukraina gatnaşar. Guramaçylyk komiteti başga döwletleri hem ýaryşa gatnaşmaga çagyryp biler. Kazanda geçiriljek bu ýaryşa 2000 türgeniň we 600 resmi işgäriň gelmegine garaşylýar.

Türgenler dzýudo, sambo, kenarýaka woleýboly, kenarýaka gandboly, kiçi futbol, boks, taý boksy, küşt, tans sporty, fehtowaniýe, karate,  girýa sporty, armrestling (el göreşi), mas-restling (taýak çekişmek), sport göreşi, guşakly göreş (koreş), ýeňil atletika we basketbol boýunça ýaryşarlar. Şeýle hem «GDA — sportuň territoriýasy» atly forumyň geçirilmegine garaşylýar.

Kazan türkmen türgenleri üçin şowly  ýurt. Esasan hem 2013-nji ýylda Kazanda geçirilen Uniwersiadada türkmen türgenleriniň gazanan netijeleri ýatdagalyjydyr. Türkmenistanly atletlar şonda Unwersiada ilkinji gezek gatnaşanam bolsalar, olaryň alty ýyl mundan ozalky çykyşlarynyň ýokary netijeli bolandygyny nygtamak bolar. Esasanam, pälwanlar şowly çykyş edip,  guşakly göreşde we samboda medallaryň hemme görnüşine mynasyp bolupdylar.