Bu web-saýt tamamlaýjy tapgyrda işlenilip taýýarlanylýar
Soňky habarlar

2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna täze sport görnüşleri girizildi

Halkara Olimpiýa komitetiň (HOK) resmi saýtynda berilýän maglumatlara görä, HOK-yň 134-nji sessiýasynda 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna täze sport görnüşleri (breýk tans, serfing, skeýtbording we daga dyrmaşmagyň sport görnüşi) girizildi.

«Täze sport görnüşleriniň goşulmagynyň esasy maksady ýaşlary Olimpiýa oýunlaryna çekmäge gönükdirilendir» diýip, HOK-yň prezidenti Tomos Bah düşündirdi.

Daga dyrmaşmagyň sport görnüşi, serfing we skeýtbording 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşmaça sport görnüşleri hökmünde girizildi. 

2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlary bilen bagly gutarnykly netijeler 2020-nji ýylyň dekabrynda belli ediler.