Bu web-saýt tamamlaýjy tapgyrda işlenilip taýýarlanylýar
Soňky habarlar

«Altyn asyr» Türkmenistanyň naýbaşy kubogyny eýeledi

2019-njy ýylyň 3-nji awgustynda «Köpetdag» stadionynda Türkmenistanyň naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr» Türkmenistanyň kubogynyň eýesi «Köpetdagy» utup, bäşinji gezek Türkmenistanyň naýbaşy kubogynyň eýesi boldy. 
Duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. 57-nji minutda Myrat Annaýew, 64-nji minutda hem Altymyrat Annadurdyýew tapawutlandy. 
Türkmenistanyň futbol federasiýasy tarapyndan esaslandyrylan naýbaşy kubok 2005-nji ýyldan bäri geçirilip, duşuşyga ýurdumyzyň çempiony bilen kubogyň eýesi gatnaşýar.

www.msy.gov.tm.

Surata düşüren Dörtguly Myratgulyýew.