Bu web-saýt tamamlaýjy tapgyrda işlenilip taýýarlanylýar
Soňky habarlar

Ramazan Irbaýhanow: «Türkmen türgenleriniň üstünlige bolan mümkinçiligi uly»

Ramazan Irbaýhanow:

«Türkmen türgenleriniň üstünlige bolan mümkinçiligi uly»

2020-nji ýylyň iýul aýynda Tokioda Olimpiýa oýunlary geçiriler. Dünýäniň ähli künjeginden on bir müň töweregi türgen «Olimpiýa çempiony» diýen ada mynasyp bolmak üçin, özleriniň güýçlerini, erjelligini, ussatlygyny görkezerler. Halkara ýaryşlarynda özüniň ukybyny görkezýän türkmenistanly erkin göreşçileriň üstünlige bolan mümkinçiligi uly diýip, Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýygyndysynyň tälimçisi Ramazan Irbaýhanow belleýär. Ýygyndynyň tälimçisi şeýle berk ynamyň nämä esaslanýandygy we milli ýygyndynyň «Tokio 2020» Oýunlaryna görýän taýýarlygy barada gürrüň berdi.

–Ramazan, siziň adyňyz sport dünýäsinde giňden bellidir. Siz Hasawýutordaky sport mekdebini tamamlap, sport dünýäsine ynamly gadam goýupsyňyz. Netijede, Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi (2008, Pekin), dünýä (2007) we Ýewropa (2008) çempiony bolduňyz. Haçan tälimçilik ýoluna başladyňyz?

–Tälimçilige 2013-nji ýylda girişdim. Stambul klubynda tälimçi, Turkiýanyň uly ýaşlylardan düzülen ýygyndysynyň tälimçi, ýaşlaryň ýygyndysynda baş tälimçi bolup işläp başladym. Mende tälimçi bolup işlemäge hukuk berýän ýokary derejeli şahadatnama bar.

–Belli bolşy ýaly, tälimçä taýýarlan türgenleri bilen baha berýärler...

–Bu babatda Turkiýäniň erkin göreş boýunça ýygyndysynyň 2016-njy ýylda Rio-de- Žaneýroda guralan tomusky Olimpiýa oýunlaryndaky üstünlikli çykyşlaryny aýdyp bilerin. Meniň ýetişdiren türgenlerim sportuň bu görnüşinde bir altyn medaly, bir kümüş medaly we bir bürünç medaly eýelemegi başardylar.

–Näçe wagtdan bäri Türkmenistanyň ýygyndysyny türgenleşdirýärsiňiz?

–Türkmenistanyň erkin göreş boýunça milli ýygyndysyny 2019-njy ýylyň fewral aýyndan bäri türgenleşdirýärin. Ýygyndyda dürli agram derejelerinde çykyş edýän 30 pälwan çykyş edýär.

–Ýalňyşmaýan bolsam iň uly netije hökmünde Olimpiýa medalyny maksat edinýärsiňiz. Emma iň pes netije hökmünde näme göz öňünde tutulýar.

–Üstünlige haçanda ynam we umyt bar bolanda ýetilýär. Men türkmen pälwanlarynyň ahlak, fiziki we ussatlyk taýdan uly mümkinçilikleriniň bardygyny gördüm. Ýygyndynyň içinde Olimpiýa medalyny gazanmaga mynasyplar bar. Şu maksady olaryň öňünde goýdum. Bu iň ýokary netije bolmaly. «Olimpiýaçy» diýen hormatly ada mynasyp bolmak üçin türgenlerimiz öz agram derejesinde birinji bäşlige girmegi başarmaly. Şonuň üçinem iň pes netije «Tokio – 2020» Olimpiadasyna ýollanma almak. Türkmen türgenleriniň tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, halkara ýaryşlarynda görkezen gowy netijeleri, Türkmenistanda türgenleşmek üçin döredilen mümkinçilikler öňümizde goýlan wezipeleri amal etmäge mümkinçilik berer.

–Siz haýsy türgene has uly bil baglaýarsyňyz?

–Döwletmyrat Orazgylyjowyň ýeňşe bolan hyjuwy ýokary. Geçen ýyl Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda (U-23) bürünç medal eýelemegi başardy. Şu ýyl Ispaniýada kümüş medala mynasyp boldy. Şeýle hem Batyr Borjakow üstünlikli çykyş edýär. Ol Ispaniýadaky halkara ýaryşda (70 kg agram derejesinde) altyn medal gazandy. Bu iki türgen üçin aýratyn türgenleşik meýilnamasy düzüldi. Şeýle hem türkmen türgenleriniň Mongoliýada, Hytaýda, Italiýada, Ispaniýada geçirilen halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edendigi bellenilmäge mynasypdyr.

–Ýylyň ahyryna çenli näme meýilleşdirýärsiňiz?

–Ilki bilen 2020-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna ýollanma berýän halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görmek. Güýzde Gazagystanda geçiriljek dünýä çempionaty Tokio (Ýaponiýa) sary ilkinji ädim bolar. Biziň maksadymyz ökde türgenleriň bäşligine girmek.

–Ramazan, gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň. Türkmen pälwanlaryny Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamakdaky tälimçilik işiňizde üstünlik arzuw edýäris!

Söhbetdeş bolan: Irina Imamkuliýewa Нейтральный Туркменистан» gazeti).