Bu web-saýt tamamlaýjy tapgyrda işlenilip taýýarlanylýar
Soňky habarlar

ÝAŞLARY SPORTA ÇEKMEK

“Berdenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň    11-nji maddasynda hem-de “Professional sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasynda bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlylygy bellenilen.

“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasynda ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralarynyň ygtyýarlyklary hem-de 31-nji maddasynda bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini döretmek babatda ýaş raýatlara ýardam etmek babatda kadalar kesgitlenen.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlaryny sporta giňden çekmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we olimpiýa hereketiniň üsti bilen sagdyn-durmuş ýörelgelerini ýaşlaryň arasynda has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, sportuň görnüşleri boýunça dürli derejedäki köpçülikleýin-sport çäreleri, milli çempionatlar, Spartakiadalar we Uniwersiadalar yzygiderli geçirilýär.

Şeýle hem, Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizde sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn ösmegi babatynda, şeýle hem olaryň arasynda wagyz-ündew hem-de terbiýeçilik işlerini geçirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Baş Prokuraturasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde tassyklanan meýilnama laýyklykda birnäçe zerur çäreler hem durmuşa ornaşdyrylýar.  

Şonuň ýaly-da, Türmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran 14171-nji karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna” hem-de Türmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 14-nji awgustynda çykaran 14371-nji karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynda” göz öňünde tutulan çäreler ýokary guramaçylykly geçirilýär.