Bu web-saýt tamamlaýjy tapgyrda işlenilip taýýarlanylýar
Soňky habarlar

Ýurdumyzyň sport ulgamynyň usulyýetçileri, instruktor-metodistleri özleriniň tejribelerini baýlaşdyrdylar

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi ýurdumyzyň sport mekdepleriniň iş dolandyryş resminamalaryny talaba laýyk alyp barmak hem-de okuw-türgenleşik sapaklarynyň hilini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň binasynda okuw maslahatyny geçirdi. Oňa sport mekdepleriniň usulyýetçileri hem-de instruktor-metodistleri gatnaşdylar.

Sport mekdepleriniň hünärmenleriň tejribelerini baýlaşdyrmakda, olaryň alyp barýan köptaraply işlerini kämilleşdirmekde diýseň ähmiýetli bolan okuw-maslahatda edilen çykyşlaryň multimedia tagtasyndaky şekiller bilen sazlaşykly alnyp barylmagy olaryň täsirliligini üpjün etdi. Degişli resminamalaryň suratlary wideo-proýektor arkaly görkezildi jikme-jik düşündirildi. Lebap welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň usulyýet geňeşiniň başlygy, Türkmenabat şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi Saparmyrat Rejepow “Sport mekdeplerinde resminamalaryň ýöredilişi”,   Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň baş ýuristi Halbagt Reimowa “Türkmenistanyň  «Bedenterbiýe we sport hakynda» Kanuny we ondan gelip çykýan resminamalar” diýen temalar boýunça giňişleýin çykyş etdiler.

Ministrligimiziň Usulyýet kabinetiniň wekili hökmünde eden çykyşym bolsa “Sport mekdeplerinde döredilmeli usulyýet otaglary we olaryň abzalaşdyrylyşy” diýlip atlandyryldy. Şeýle-de, bu ýerde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mugallymy Döwran Myradowyň “Olimpiýa oýunlarynyň taryhy, ähmiýeti we türkmen türgenleriniň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşygy” atly çykyşy uly höwes bilen diňlenildi.

Okuw-maslahatyň geçirilen gününiň sport mekdepleriniň usulyýetçileriniň, instruktor-usulyýetçileriniň okuw-türgenleşik sapaklaryny ýokary derejede guramak, bu işde tälimçi-mugallymlara köptaraply ýardam bermek, sapaklaryň talabalaýyk geçirilişine gözegçilik etmek alnyp barylýan işleri tejribe görnüşinde görkezmek maksady bilen, ýörite okuw-türgenleşik sapaklary guraldy. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sport toplumynyň zallarynda geçirilen sapaklary institutyň mugallymlary Orazmyrat Esenow (basketbol) hem-de Baýram Annamämmedow (boks) alyp bardy.

Sport ugurly ýokary okuw mekdebimiziň binasynda geçirilen okuw-maslahatyň çäklerinde paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň garamagyndaky sport mekdeplerinde döredilen usulyýet otaglary, olaryň abzallaşdyrylyşy hem-de bezelişi boýunça öwrenmek we işde ulanmak üçin ýörite taýýarlan fotoalbomlaryň görkezilişi hem guraldy.