Bu web-saýt tamamlaýjy tapgyrda işlenilip taýýarlanylýar
Soňky habarlar

Dostluk ýollarynda

«Lapis Lazuli» taslamasy diňe bir oňa gatnaşýan 5 döwletiň öz arasynda demir we gara ýollaryň gurulmagyna däl, eýsem, halklaryň uzak taryhyň dowamyndaky dostlugynyň has-da berkemegine getirýär. «Agzybirlik we abadançylyk» şygary bilen öz ilinden badalga alan owgan toparynyň Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça dowam edýän welosiped ýörişi aýdylanlaryň güwäsidir. 

19-njy aprelde Owganystanyň Hyrat şäherinden başlanan uly marafona gatnaşyjylaryň ýoly ýurdumyzyň Mary, Ahal welaýatlarynyň üstünden geçdi. Häzirki wagtda welosipedçiler ýörişlerini ýurdumyzyň Balkan welaýatynda dowam etdirýärler. Döwletleriň arasyndaky dostlugyň alamaty hökmünde türkmen we owgan döwletleriniň baýdaklaryny parladyp gelýän welosipedçiler ýurdumyzyň gözel künjekleri, şol sanda sport maksatly binalar bilen tanyşdy. Olar Mary welaýatynda ýerleşýän «Sport toplumy» stadionynda, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda, Balkanabadyň köpugurly sport toplumynda boldular. Ýörişe gatnaşyjylar bolan ýerlerinde aýdymdyr sazlar, duz-çörek bilen garşylanyldy. Olara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýörişiň dowamynda welosipedli ýörişe gatnaşyjy Benýamin Jami bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol owgan we türkmen halklarynyň medeniýetleriniň ýakyndygyny aýtdy. Myhman: «Ýakynlyk halklarymyzyň myhmansöýerliginde hem, milli tagamlarynda hem ýüze çykýar. Bu ýere gelmezimden öň hem Türkmenistan, onuň ösüşleri, türkmen halky hakynda bilýärdim. Şonuň üçin Türkmenistany görmek bagty meniň üçin welomarafonyň iň uly peşgeşleriniň biri boldy» diýip, gürrüň berdi. 

«Lazurit ýoly» diýlip atlandyrylan toparyň umumy geçmeli ýoly 4147 kilometre barabar. «Bu uzak aralyga iki tekerli ulagdan başga-da, alan zadyňyz barmy?!» diýip soranymyzda, Benýamin: «Elbetde, welosiped şaýlaryny aldyk. Ýygnalýan çadyr alypdyk, ýöne türkmen myhmansöýerligi çadyry unutdyrdy» diýip ýylgyrdy. 

Döwletleriň arasyndaky agzybirligiň buşlukçylary bolan welosipedçileriň diňe biriniň professional türgendigine garamazdan, olar bu uly aralygy geçmäge taýýardyklaryny aýtdylar. 

«Lazurit ýolunyň» ugry Balkan welaýatyndan Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine tarap bolar. «Ariana news» teleýaýlymynyň toparyň düzümindäki habarçysy Farhad Tohid: «Türkmenistan — ajaýyp ýurt. Doganlyk ýurt barada aýtmaga zat kän. Biz öz gören-eşiden zatlarymyzy telegörüjilerimiz bilen hökman paýlaşarys» diýdi.