Bu web-saýt tamamlaýjy tapgyrda işlenilip taýýarlanylýar
Soňky habarlar

Welotrek: Çikagodan Aşgabada 128 ýyllyk ýol

Şu ýyl welotrek boýunça ilkinji dünýä çempionatynyň geçirilenine 126 ýyl bolýar. Höwesjeňleriň arasyndaky ilkinji çempionat 1893-nji ýylda ABŞ-nyň Çikago ştatynda geçirilipdir. Ony Halkara welosport birleşigi (ICA) gurnapdyr. Profesional türgenleriň arasyndaky ilkinji dünýä çempionaty bolsa şondan iki ýyl soňra Germaniýanyň Köln şäherinde geçirildi. Höwesjeň welosipedçiler bilen bu işi ykbalyna öwren türgenler 1993-nji ýyla çenli aýry-aýry ýaryşan bolsalar, çempionatyň ýubileý ýylynda olara bile ýaryşmaga rugsat berildi.

Ýeri gelende aýtsak, UCI 1900-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmegi öz üstüne aldy. Şondan bäri hem bu gurama çempionaty abraý bilen geçirip gelýär. Iki guramanyň geçiren ýaryşlarynyň arasynda käbir tapawutlar bar. Mysal üçin, ICA ýeňijileri diňe bir medallar bilen sylaglan bolsa, UCI-niň geçiren dünýä çempionatlarynda altyn medala mynasyp bolan türgen tä indiki çempionata çenli ýeňşini alamatlandyrýan älemgoşar reňkli lybas bilen sylaglanýar.  

Diňe Birinji we Ikinji dünýä söweşleri ýyllarynda bolaýmasa, welotrek boýunça dünýä çempionaty 1893-nji ýyldan bäri her ýyl yzygiderli geçirildi. Çempionat biziň yklymymyzda ― Aziýada ilkinji gezek 1990-njy ýylda düşledi. Şondan 17 ýyl soňra bolsa dünýä çempionatyny geçirmek hukugyna Gonkong mynasyp boldy. Nesip bolsa, biziň merjen paýtagtymyz bu çempionaty geçirjek yklymda üçünji, Merkezi Aziýada bolsa ilkinji şäher bolar.

Şu ýyl bu ýaryş 27-nji fewral ― 3-nji mart aralygynda Polşanyň Pruşkow şäherinde geçirildi. Tertip boýunça 116-njy dünýä çempionatynda 47 döwletiň wekilleri medallaryň 20 toplumy üçin göreşdi. Olaryň deň ýary erkekleriň, galan ýarysy hem zenanlaryň arasyndaky ýaryşa degişlidir. Jemi 11 medal gazanan Gollandiýanyň topary dünýäniň häzirki çempionydyr. Ähli çempionat babatynda alnanda bolsa, Fransiýanyň ýygyndysy birinji orunda. Fransuz türgenleri yzda galan çempionatlarda 373 medal (şol sanda, 141-si altyn) gazandylar. Nemes welosportçularynyň umumy medallarynyň sany kän hem bolsa (393), olar altyn medallaryň sany (127) boýunça ikinji orunda. Biziň yklymymyzdan iň gowy netijäni görkezen ýapon türgenleri umumy sanawyň 14-nji basgançagynda. Merkezi Aziýadan diňe Gazagystanyň bir bürünç medaly bar.

Çempionat indiki ýyl Germaniýanyň paýtagty Berlinde, 2021-nji ýylda bolsa mähriban Aşgabadymyzda geçiriler. Aşgabat şol ýyl 128 ýaşly dünýä çempionatynyň 118-nji düşelgesi bolar.